Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň gurnamagynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine görilýän taýýarlyk işleri barada “Halk Maslahatynyň Watanmyzyň rowaçlygyna, halkymyzyň abadançylygyna nazarlaýan tutumlary” ady bilen maslahat geçirildi. Bu Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň işgärleri we işjeň agzalary, bilim işgärleri gatnaşdylar.
Bu maslahatda çykyş edenler şanly Garaşsyzlygymyzyň öň ýanynda her ýylda däp bolan Türkmenistanyň Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçirilýändigini, onuň türkmen halky üçin ähmiýeti dogrusynda buýsanç bilen aýratyn belläp geçdiler. Ýokary işjeňlik derejesinde geçirilen bu maslahat oňa gatnaşanlarda uly täsirleri galdyrdy. Maslahata gatnaşanlar ata Watanymyzy gülledip ösdürmekde we onuň halkara abraýyny has-da ýokary götermekde alyp barýan rowaç işleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň alkyşly sözlerini aýtdylar.
Maýa ANNADURDYÝEWA.








