Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy ähmiýetini ilat arasynda giňden düşündirmek maksady bilen ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, Mary welaýatynyň Oguzhan etrabynda hem Türkmenistanyň Halk maslahatynyň jemgyýetçilik – syýasy durmuşymyzyň kämilleşdirilmegindäki we döwletimiziň ösiş strategiýasynyň durmuşa geçirilmegindäki eýeleýän ornuny hem-de ähmiýetini düşündirmek maksady bilen wagyz –nesihat maslahaty geçirildi. Halk maslahatynyň öňindäki bu duşuşyk milli demokratiýanyň taryhy ýoly , jemgyýetiň agzybirligi we döwlet dolandyrşyndaky halk häkimiýetlilik ýörelgeleri giňden delillendirýär. Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramyna hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk mynasybetli Oguzhan etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Oguzhan etrap komitetiniň ,Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Oguzhan etrap birleşmesiniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap geňeşiniň şeýle-de Oguzhan etrap medeniýet bölüminiň bilelikde guramagynda “Türkmenistanyň Halk Maslahaty-Ähmiýeti” ady bilen duşuşyk maslahaty geçirildi . Duşuşykda çykyş edenler Türkmenistan yň Halk Maslahatynyň döwlet dolandyryşyndaky hem-de halkynyň bähbitlerini goramakdaky orny, ýurdumyzda alynylyp barylýan belent özgerişleri giňden wagyz etdiler. Çärede Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk ýylynda ýetilen sepgitler hem-de öňde duran möhüm wezipeler barada buýsançly sözler aýtdylar. Duşuşyga gatnaşyjylar ýurdumyzy durnukly ösişler bilen öňe alyp barýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarmyza özleriniň çäksiz hoşallyk sözlerini aýtdylar !
Ülker Orazgeldiýewa








