Halallyk hikmeti haýyrdyr (Rowaýat)
Bir hökümdaryň mahal-mahal eşigini üýtgedip, il içine aýlanmak edähedi bar eken. Bir sapar onuň ýoly ýorunjaly, mekgeli atyzlaryň üstünden düşýär. Guşluga çykan daýhanlar “Tanamadyk — sylamaz” edip, oňa çatmanyň agzyndan, köwüş bazaryndan ýer berýärler.
Bugdaýyň yzyna mekge ekenler ýorunja eýesine degýärler: “Äl-aýt, içigaýnamaz ýigit ekeniň. Gumuny çykaryp, orup ýörşüňe, oragyň ujy bilen otabam gidýäň. Sen bu ýorunjany otap ýörşüňe, onunjy atyzy orup gutarýançaň, birinji atyzyň oruma gelýär. Beýdip ýörme-de, ýokarragyndan oraga-da, on goltuga derek, otuz goltugy bas araba, çykar bazara. Nädersiň, tüýüňi täzeläp, tünegiňi düzedip öýlenäýseň”. Ýigit: «Men emel edip topraga-da, ekine-de, alyja-da al salyp bilmen. Ýüzleý orsam ýorunja uçar, haşal goşsam alyjy nadyl bolar, kemhyzmat edip azabymy azaltsam, toprak arryklar. Bazara äkidip gazanjymyň ýaryny arabakeşe, ýaryny petekçä berenimden «Kem-kem muhur, mydam muhur edip” az-azdan baý aga eltip, azabymy özüme siňdirsem ýagşy» diýýär.
Hökümdar köşge gelip, baý aganyň gyzyna sawçy iberip, hälki ýigidi öýerýär. Ýylýarymdan soň patyşa ýene-de köne eşik geýip, ekinzarlyga gelýär. Görse ýigit ýorunjaly pelleriň içini miweli baglaryň nahalyndan doldurypdyr. Goňşulary bolsa kölegeden çykman ýene ýigide igenýärmişin: “A-how, bendäň çagasy, baýaňsoň bir ýat-da, ak öýde. Seni sogap üçin soltanyň özi öýeripdir-ä. Sen bolsa entegem ýagyrnyňy şorladyp, ot daşap ýörsüň”. Onda ýigit: “Bu zatlar nesibedir. Men öňem “Baý öýüne bereket” diýip, otumy şolara eltip, halal hyzmat görkezýärdim. Häzirem gaýnym bolan şol baý aga hyzmat edýärin. Ak öý bilen öý goşy bolsa gelnimiň rysgy. Meniň rysgal-döwletim şu atyzlaryň bir künjünde bolmaly. Ynha, baglar hasyla durup, miwe getirip, halka-da, hökümdara-da hezil berer” diýip, synçylyk bilen patyşany tanandygyny duýdurman, jogap berýär. Hökümdar ýigidiň akyllydan gelen azaballadygyna, halaldan gelen adyldygyna göz ýetirip, ony ene ýaba mirap belleýär. Ýigit bolsa hökümdara-da, halka-da, ene topraga-da halal hyzmat edip daýhançylygyny dowam edipdir.
Megerem, “Halal hikmeti haýyrdyr” diýen aýtgy şundan galan bolsa gerek.
Taýýarlan
Döwletmyrat JUMADURDYÝEW.