Döwletimiziň Hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň we Ýaşlar guramasynyň şäher geňeşiniň bilelikde gurnamagynda maslahat geçirildi .”Türkmenistanyň bitaraplygy – halkymyzyň mizemez gymmatlygydyr” atly geçirilen bu maslahat işjeň häsiýete eýe boldy. Maslahatda edilen çykyşlarda Hormatly Prezidentimiziň halkara gatnaşyklaryny ösdürmekde alyp barýan daşary syýasatynyň onyň netijeleri, daşary ýurtlaryň işewürleri bilen geçirilýän işjeň duşuşyklary, Hemişelik Bitarap döwletimiziň ösüşleri barada buýsançly gürrüňler edildi . Bitaraplyk –munuň özi halkymyzyň parahat durmuşynyň, erkana ýaşaýşynyň kepilidir we halkymyzyň mizemez gymmatlygydyr. Hemişelik Bitaraplygymyzyň geçen 30 ýyly içinde döwletimiziň ösüşlerinde işewür telekeçilerimiziň hem mynasyp goşandy bardyr –diýlip,çykyşlarda nygtaldy. Hususy ulgamy ösdürmekde alyp barýan işleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.
Çarymuhammet Saparow.








