Parahatçylyk dörediji aýdyň maksatlary, ynsanperwer syýasaty bilen bütin dünýäde giňden tanalýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary, köptaraplaýyn başlangyçlary bilen uly üstünlikleriň we ösüşleriň ýoly bilen öňe barýar. “Halkara Parahatcylyk we Ynanyşmak” ýylmyzda Hemişelik Bitaraplygymyza 30 ýyl dolýar. Şeýle taryhy ähmiýetli waka mynasybetli bolsa giň möçberli il-halk bähbitli çäreler, aýdym-sazly baýramçylyk dabaralary hem-de bu şanly toýa taýýarlyklar ýokary derejede alynyp barylýar. Mary welaýatymyzda hem Hemişelik Bitaraplygyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaraly çäreler yzgiderli geçirilýär. Şeýle çäreleriň biri-de Mary welaýat kitaphanasynda Mary welaýat häkimliginiň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň, Senagatçylar we Telekeçiler partiýasynyň, Agrar partiýasynyň welaýat komitetleriniň, Kärdeşler Arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň, Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň, Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat geňeşiniň, welaýat medeniýet müdirliginiň bilelikde gurnamagynda 2025-nji ýyly “Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak” ýyly hem-de Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyygynyň syýasy, taryhy, ykdysady ähmiýetine bagyşlanan “Arkdagly Gahryman Prezidentimiziň Bitaraplyga esaslanýan parahat söýüjülikli syýasaty-Türkmen döwletiniň asuda ösüşüniň binýady” ady bilen maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat, şäher, etrap Halk Maslahatynyň agzalary, syýasy partiýalaryň wekilleri we işjeň agzalary, jemgyýetçilik guramalaryň işgärleri hem-de köpçüplikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Maslahatda Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrynda beýik işleri durmuşa geçirýän Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Milli Lidermiz, Gahryman Arkdagymyzyň halkymyzyň nurana gelejegi üçin alyp barýan döwlet syýasaty, Bitaraplyk ýyllary içersinde gazanylan uly üstünlikler, ýetilen belent sepgitler hem-de Hemişelik Bitaraplygymyzyň taryhy ähmiýeti dogrysynda uly buýsanç bilen çykyş etdiler. Maslahata gatnaşanlar halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrynda, dost-doganlygy, hoşniýetli goňşuçulyk gatnaşyklaryny ösdürmekde, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunde taýsyz tagallalary edýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiziň Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny beýan etdiler.
Azat Beglanow.








