Oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmen alabaýynyň baýramy Mary welaýatynda-da ýokary ruhubelentlikde bellenilip, ol ata – babalarymyzyň döreden bu milli gymmatlygyna – batyr, gaýduwsyz alabaý itlerine bolan hormat – sarpanyň aýdyň alamatyna öwrüldi. Mary welaýat häkimligi, Halkara ,,Türkmen alabaý itleri” assosiýasiýasynyň Mary welaýat merkezi hem-de welaýat Medeniýet müdirligi tarapyndan guralan baýramçylyk çäresi hem uly toý tutumy bilen geçirildi. Halkara ,,Türkmen alabaý itleri” assosiýasiýasynyň Mary welaýat merkezinde geçirilen bu baýramçylyk dabarasyna ýaşuly nesliň wekilleri, welaýatyň bagtyýar ýaşaýjylary, ussat itşynaslar, talyp ýaşlar ýokary ruhubelentlikde gatnaşdylar. Baýramçylyga gatnaşanlara welaýatyň medeniýet we sungat ussatlary şirin aýdym – sazlary, tanslary we folklor çykyşlary bilen ruhy lezzet paýladylar. Baýramçylyga gatnaşan myhmanlar merkeziň öňünde medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren döwrebap çykyşlaryna uly höwes bilen tomaşa etdiler. Bu ýerde welaýatyň Kemine adyndaky döwlet dramam teatrynyň işgärleriniň ýerine ýetiren edebi-sazly çykyşy tomaşaçylarda ýakymly duýgulary oýaryp, olaryň türkmen alabaýlaryna bolan buýsanjyny artdyrdy. Wepalylygy, batyrlygy, gaýduwsyzlygy, çydamlylygy özünde jemleýän türkmen alabaýlarynyň baýramçylygyna bagyşlanyp geçirilen bu dabaranyň dowamynda ýerine ýetirilen döwrebap çykyşlarda medeniýet işgärleri özleriniň türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan çäksiz alkyşlaryny, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne, batyrlygyň hem gaýduwsyzlygyň nusgasy bolup, türkmen halkymyzyň dünýä garaýşynda baky orun alan dogumly jandar, ynamdar goragçy bolan türkmen alabaýlaryna bolan buýsançlaryny beýan etdiler. Türkmen alabaýynyň keşbi şekillendirilen owadan sahnada belent heňde ýaňlanan aýdymlarda we sazlarda milli gymmatlygymyz bolan türkmen alabaýlary waspy has belentden ýetirildi. Tans we folklor toparlarynyň halkymyzyň milli medeniýetini şöhlelendirýän döwre gurap ýerine ýetiren çykyşlary hem dabaranyň şowhunyny has-da artdyrdy. Merkeziň öňündäki toý meýdançasynda guralan gelin-gyzlaryň çeper elleri bilen sünnälenip döredilen el işlerinden, suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň tebigat bilen sazlaşýan türkmen alabaýlarymyzyň keşbini şekillendirip döreden eserlerinden ybarat giňden ýaýbaňlandyrylan sergem köpleriň ünsüni özüne çekdi. Türkmen alabaý itlerine bagyşlap döredilen eseler bu ýere gelenlerde aýratyn täsir galdyrdy. Baýramçylyk dabarasyna gatnaşanlar arassa tohumly türkmen alabaýlaryny ösdürip ýetişdirmäge giň ýol açýan we milli baýramlarymyzy bellemegi giň mümkinçilikler döredýän Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Toýmyrat Gurbanow.








