Toýlary toýlara ulaşýan Türkmenistan Diýarymyzda baş baýramymyz bolan şanly Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramy uly toý tutumy bilen bellenilip geçilýär. Bu baýramçylyk mynasybetli ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly Mary welaýatynda hem dürli dabaraly çärelere giň gerim berilýär. Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynda hem Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli aýdym-sazly dabara geçirildi. Ýolöten etrap häkimliginiň hem-de etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramaklarynda geçirilen bu dabara ýaşuly nesliň wekilleri, kümüş saçly eneler we bilim ulgamynyň işgärleri uly ruhubelentlikde gatnaşdylar. Turuwbaşdan şatlyk-şowhuna beslenen dabarada medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlaryna giň gerim berildi. Etrap medeniýet merkeziniň aýdymçylaryň belent heňlerde ýerine ýetiren döwrebap aýdymlary dabaranyň şatlygyny has-da artdyrdy. Olaryň eşretli zamanamyzy, Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzy gülletmekde alyp barýan rowaç işlerini, şanly Garaşsyzlygymyzy wasp edip ýerine ýetiren aýdymlary bu ýere ýygnananlaryň göwünlerini göterip, olara egsilmez ruhy lezzet paýlady.
Parahat GURBANOW.








