Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň peder ýoluny üstünlikli dowam edýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyllary ýokary zähmet ýeňişlerine, taryhy wakalara beslenýär. Tamamlanyp barýan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem ähli ugurlarda belent sepgitleri, ýatdan çykmajak wakalary bilen Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylar.
Täze ýyl baýramynyň şatlyk-şowhunly günleri ýetip gelýär. Şu sene mynasybetli toý saçagyny bezemek indi asylly däbe öwrüldi. Türkmen halky täze ýyl baýramçylygyny doly saçagyň başynda ýagşy umyt-arzuwlar bilen garşylamaga taýýarlyk görýär. Munuň üçin bolsa, Diýarymyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, welaýatymyzyň bazarlarydyr dükanlaryndaky azyk harytlaryň bolçulygy guwanç duýgusyny döredip, toý-baýramlarymyzyň şatlygyna şatlyk, şowhunyna şowhun goşýar. Aslynda, Täze ýyl baýramçylygy ýagşydan-ýagşy isleg-arzuwlarymyzyň baýramy. Bereketli toý saçagynyň başyndaky Täze ýylymyzyň saglyk, agzybirlik, rysgal-döwletlilik, düşümlilik arzuwly duýgularymyz kalplarymyza nur çaýýar. Bazarlarymyzyň, eýeçiligiň dürli görnüşlerine degişli dükanlarymyzyň il-günümiziň islegli harytlaryna we azyk önümlerine baýdygy Täze ýyl baýramynyň dabarasynyň alyslara aşmagynda möhüm ähmiýete eýe bolýar. Şeýle bolçulyk bolsa, Täze ýyl baýramyny has-da dabaralandyrýar.
Baýram AMANOW.








