Tomus paslynyň dowam edýän günlerinde ekerançylyk meýdanlarynda gowaça ideg etmek işi bilen birlikde ýetişdirilen gallany ýygnamak işi hem depginli alnyp barylýar. Howanyň yssylygyna garamazdan, ýygyma gatnaşýan oba hojalyk işgärleri her bir dänäni isripsiz ýygnamak ugrunda aladalanýarlar.
Garagum etrabynyň “Ak altyn” daýhan birleşiginiň gallaçylary hem ýetişdirilen hasyly irgözinden ýygnamak üçin tutanýerli zähmet çekýärler. Daýhan birleşiginiň tejribeli kärendeçisi Batyr Orazlyýew birnäçe ýyl bäri toprak bilen iş salşyp, oňat netijeleri gazanmagy başarýar. Ol ýerine ekin dolanyşygy esasynda bugdaýdyr pagtany gezekleşdirip ekýär. Şonuň netijesinde topragyň gurplulygyny artdyrýar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem 4 gektar ýerinde dok maňyz bugdaýy ýetişdirdi. Ýygym möwsüminde ilkinjileriň hatarynda ýetişdiren hasylyny ýygnamak bilen ýokary netije gazanýar. Tejribeli kärendeçiniň bereketli hasyl almak üçin çeken zähmeti oňyn netijesini berdi.
Biz B. Orazlyýewden ýerden ýokary hasyl almagyň syry nämede diýip soranymyzda ol:
— Ilki bilen-ä hormatly Prezidentimiziň saýasynda biz, daýhanlara toprakdan bol hasyl almak üçin ähli mümkinçilikleriň döredilýändigini belläsim gelýär. Şeýle eşretlerden ruhlanyp, işlemäge bolan höwesiň has-da artýar. Islendik işde bolşy ýaly, bu ugurda hem esasan käriňe bolan höwesiň gerek. Ekişi wagtynda ýokary hilli geçirip, agrotehnikanyň talaplaryna görä idegini ýetirseň göwün diýen netijäňi gazanyp bolýar. Biz meýdanda işleri maşgala agzalarymyz bilen agzybirlikde ýerine ýetirýäris — diýip, gürrüň berdi.
Islendik ekinden bol hasyl alyp, kärdeşlerine görelde bolmagy başarýan kärendeçi daýhana mundan beýläk-de işleriniň rowaç bolmagyny arzuwlaýarys.
Durdynabat BAÝRAMOWA.