Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy welaýatymyzda giňden bellenilip geçildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ,,Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda Döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramçylygy Mary welaýatynda-da mynasyp belent toý tutumlary bilen bellenilip geçildi. Baýramçylyk dabaralary welaýatyň ähli etrap, şäher merkezlerinde, obalarynda toý şatlygy bilen utgaşyp, şowhunly çärelere giň gerim berildi. Baýramçylyk gününde welaýat merkezindäki Baş Baýdak meýdançasynyň töweregi ir säherden hasam köp adamly boldy. Mary welaýat, Mary şäher häkimlikleriniň, Demokratik, Agrar, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetleriniň, Kärdeşler Arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň, Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň, welaýat Zenanlar, Bilim, Saglygy goraýyş we Medeniýet bölümleriniň bilelikde gurnamaklarynda geçirilen bu baýramçylyk dabarasy egsilmejek toý şatlyklaryna beslendi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň baýramçylygynyň dabarasy baş Baýdak meýdançasynda döwlet Senamyzyň ýerine ýetirilmeginde, mukaddes döwlet Baýdagymyzyň ýokary galdyrylmagy bilen başlandy. Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat Halk maslahatynyň agzalarynyň, welaýatyň ýaşuly nesliniň, kümüş saçly mährem eneleriň, welaýat, şäher, etrap häkimlikleriniň işgärleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, bilim, saglyk, medeniýet, sport ulgamlarynyň wekilleriniň, talyp ýaşlaryň, welaýatyň köpsanly ýaşaýjylarynyň gatnaşmaklarynda geçirilen bu dabarada baýramçylyk mynasybetli gutlag sözleri aýdyldy. Bu ýerdäki baýramçylyk çykyşlarynda Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzda gazanylan üstünlikler, ýetilen belent sepgitler we Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dünýä nusgalyk beýik başlangyçlary barada buýsançly sözler beýan edildi. Baýramçylyk dabarasynda parahatçylygyň we asudalygyň nyşany bolan ak kepderileriň we dürli görnüşli şarlaryň asmana uçurylmagy toý şatlygyny hasam artdyrdy. Dabaranyň dowamynda welaýatyň medeniýet, sungat ussatlarynyň, estrada aýdymçylarynyň, Marynyň Ýolaman Hummaýew adyndaky ýörite sazçylyk mekdebiniň talyp ýaşlarynyň aýdymdyr sazlary we tanslary giňden ýaýbaňlandyryldy. Halkymyzyň ruhy dünýäsini baýlaşdyrýan aýdym – sazlaryň owazy uzaklara ýaň saldy. Ýerine ýetirilen göwün göteriji çykyşlarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň, Garaşsyz, baky Bitarap ata Watanymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň il-halk, umumyadamzat bähbitli rowaç işleriniň hem-de uly toý – dabaralara beslenýän “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylymyzyň waspy belentden ýetirildi. Baýramçylyk öwüşgininde bezelen baş Baýdak meýdançasynda şirinden – şirin mukamlaryň ýaňlanmagynda ýerine ýetirilen hoş owazly aýdymlar, joşgunly tanslar bu ýere ýygnanan bagtyýar raýatlarymyzyň baýramçylyk şatlygyny artdyryp, göwün guşuny ganatlandyrdy. Döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramçylyk dabarasyna gatnaşan welaýatyň bagtyýar ýaşaýjylary ýurdumyzy batly gadamlaryň ösüşli ýollary bilen öňe alyp barýan we halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde amala aşyrýan belent maksatly işleri üçin Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.
Ýurdumyzda uly dabaralar bilen bellenilýän, baş baýramymyz bolan - ýurt Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli Mary welaýatyndaky ,,Türkmeniň ak öýi” binasynyň öňündäki toý meýdançasynda baýramçylyk dabarasy geçirilip, ony Mary welaýat häkimligi we welaýat medeniýet müdirligi, Türkmenistanyň Demokratik we Agrar partiýalarynyň welaýat komitetleri, Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi, welaýat Zenanlar bölümi hem-de Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşi bilelikde gurnady. Welaýatyň bagtyýar raýatlarynyň hem-de talyp ýaşlaryň gatnaşmaklarynda ,,Kalbymda Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlar,dillerimizde ajap döwrüň aýdymy” ady bilen ýokary ruhubelentlikde geçirilen baýramçylyk dabarasynda welaýatyň döredijilik işgärleriniň döwrebap çykyşlary giňden ýaýbaňlandyryldy. Bu ýerde welaýatyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň artistleriniň hem-de birleşen aýdym-saz, tans toparlarynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ösüşlerini, asuda Watanymyzyň Garaşsyzlyk ýyllary içinde gazanan şöhratly ýeňişlerini hem-de şanly Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk toýuny wasp edip ýerine ýetiren edebi-sazly kompozisiýasy hemmelerde ruhy galkynyşy döretdi. Çünki Watanymyzyň Garaşsyzlygy halkymyzyň öz ygtyýarlylygyny we bagtyýarlygyny ösdürmekde, dünýä ýurtlary bilen dostana gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda esasy sütün bolup durýar. Şeýle bolansoň bu günki baýramçylyk gününde döwrebap öwüşginde bezelen owadan sahnada medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren çykyşlarynda halkymyza baky bagtyýarlygy bagyş eden Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz-Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt we dünýä ähmiýetli alyp barýan belent maksatly işleri, dost-doganlyk gatnaşyklary, her bir güni beýik ösüşlere beslenýän Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyz, dünýä içre ýaň salan türkmen medeniýeti we päk söýgi has belent heňlerde wasp edildi. Tans toparlarynyň ussatlyk bilen ýerine ýetiren joşgunly tanslary dabaranyň şowhunyny has-da artdyrdy. Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň giňden toýlanjak ýyly bolan ,,Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda ýurdumyzyň ajaýyp ösüşlerinden ruhlanýan, kalplary Berkarar Watanymyza we Hormatly Prezidentimize buýsançdyr söýgüden doly sungata höwesek çagalar döredijilik toparlarynyň döwrebap aýdym-sazlaram bu günki baýramçylyk dabarasyny göwün göteriji duýgulara besledi. Turuwbaşdan ýokary ruhubelentlik häsiýete eýe bolan baýramçylyk dabarasynda görkezilen çykyşlar biri-birinden täsirli bolup, olaryň ählisi hem tomaşaçylar tarapyndan dowamly el çarpyşmalar bilen garşylandy. Bu günki geçirilen baýramçylyk dabarasy welaýatyň bagtyýar ilatynyň Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz - Arkadagly Gahryman Serdarymyza, ata-Watanymyz Türkmenistan diýarymyza hem-de şöhratly Garaşsyzlygymyza bolan ýürek buýsanjynyň aýdyň alamatyna öwrüldi.
Toýmyrat GURBANOW.