Tejene toýa bardyk. Toý gazanlary, taňkalar lasyrdap gaýnaýardy. Hyzmat edýän ýetginjekler mesaýy gürrüň edip oturan on-on bäş sany ýaşula atymyny ýetirip, guşdyrnak gök çaýy gara taňka demläp getirýärdiler. Bizem silkme telpeklerini gapdalyna goýup, tirsekläp, çaýyň mazasyny görüp ýatan ýaşulularyň gapdalynda jaýlaşdyk. Edilýän gürrüňleri diňläp oturşymyza ýaşulularyň gürrüňiniň ýer-ýurt baradadygyna göz ýetirdik. Oturan ýaşulularyň takmynan iň ulusy bolan goja käsesini bir gapdala goýdy-da:
— Inim, Hoja, bu gürrüňleriň hemmesini seniň ataň has köp bilerdi. Ol kakasyndan, atasyndan eşiden gürrüňlerini haçan gerek bolsa, şänik döwen ýaly edýärdi. Ýady gowudy, eşidenlerini berk ýatda saklardy. Biz ýaşdyk, şol wagtlar eşidenimizi ýatda saklamandyrys. Indi bolsa giç. Ynha, öz ýaşaýan ýerimize Tejen diýýäris. Şu adyň hem öz taryhy bardyr ahyry — diýende, oturanlardan biri:
— Men Tejen adynyň taryhy barada bilýänimi aýdaýyn — diýip, söze başlady.
Şonda ol ýaşuly mundan ýüz ýyldan hem has aňyrrakda, garyp halkyň göçüp-gonup ýören döwürlerinde häzirki Tejen derýasynyň suwunyň bol bolup, öz akýan hanasyndan hem çykyp, demirgazyga tarap — aşaklygyna öz ugruna akandygyny, halkyň hem kem-kemden bir ýere toplanyp ýaşap başlandygyny düşündirdi. Şol wagtlar Tejen derýasynyň suwunyň ugrunda ýaşaýan ilatyň derýanyň boýunda maldarçylyk, ekerançylyk bilen meşgul bolar ýaly ýeri peýläp oturýandygyny aýtdy. Haçan-da bolsa, bir wagt derýanyň suwy joşup gelende: “Tijeniň, geçen ýagyndan soň derýanyň suwy joşar...” diýlip, habar ýaýranda adamlar derýanyň hanasyndan daşa çykyp ýaşapdyrlar.
Käte derýanyň bol suwy akymyň aýagynda giden giň çöle siňip gider eken. Şonda joşan derýanyň suwunyň ýaýran ýerleri görlüp, çöl ýerlerde takyrlara akan ýerlerindäki suwlaryň siňip, ýeriň ekin ekmäge amatly bolup, taba gelendigi oba habar berlipdir. Şonda adamlar: “Tijeniň, ýer tapdan çykmanka ekin ekmäge, düme ekmäge wagt boldy...” diýşip, şol ýere göçüpdirler. Şol ekinlerden hem bol hasyl alnypdyr.
Şeýlelikde, ilatyň bir ýerde kowçum bolup ýaşap başlamagy bilen demirýoluň geçirilip, “tijen” sözüniň rus dilinde “Tedžen” diýilmeginiň, Tejen stansiýasy diýen adyň döremegine sebäp bolan bolmagy ahmaldyr. 1939-njy ýylda derýadan akan güýçli sil suwy oturymly halka zyýan ýetirýär. Şondan soň Tejen şäheri täzeden gurulýar. Ol ýerden akýan derýanyň adynyň hem Tejen şäherinden geçýändigi sebäpli, Tejen derýasy bolup galan bolmagy mümkin.
Meret GURBANOW.








