Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat geňeşiniň gurnamagynda şu ýylyň 19-njy sentýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde ýokary ruhubelentlige beslenilip geçirilen Halk maslahatynyň mejlisine bagyşlanyp söhbetdeşlik edildi. Söhbetdeşligiň dowamynda ,,Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynyň şanly senelere beslenenligini belläp, golaýda geçirilen Halk maslahatynyň mejlisiniň hem şol şanly wakalaryň esasylarynyň biri bolup durýanlygyny aýratyn nygtadylar. Ýokary guramaçylyklara beslenilip geçirilen Halk maslahatynyň mejlisinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eden taryhy çykyşy we şol maslahatda il-ýurt, halk bähbitli garalan meseleler, ondan gelip çykýan çözgütler barada-da buýsanç bilen aýtdylar. Söhbetdeşlige gatnaşanlar halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.
Suwhan Kulyýew








