Mary myhmanhanasynda Mary welaýat häkimliginiň gurnamagynda söhbetdeşlik geçirilip, ol Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda döwletimiziň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramynyň toýlanylýan senesiniň öňüsyrasynda paýtagtymyz Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen taryhy-syýasy ähmiýetli kararlar we çözgütler dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi. Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlykly etmeginde hem-de Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda geçirlen Halk Maslahatynyň mejlisiniň ýurdumyzyň we halkymyzyň ykbaly bilen bagly meseleleri çözmekde uly taryhy ähmiýetiniň bolandygy aýratyn nygtalyp geçildi. Söhbetdeşlige gatnaşanlar halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.
Toýmyrat GURBANOW.








