Hormatly Prezidentimiziň ýerli häkimlikleriň we ýurdumyzyň edara – kärhanalarynyň işlerini döwrebaplaşdyrmak, olaryň tehniki – binýadyny pugtalandyrmak barada amala aşyrýan belent maksatly işleri netijesinde edara-kärhanalara täze awtoulaglar yzygiderli gelip gowuşýar. Döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramçylygynyň öň ýanyndaky günlerde Hormatly Prezidentimiziň sowgady bolan täze ýeňil awtoulaglaryň uly tapgyrlarynyň Mary welaýat häkimligine gelip gowuşmagy Mary welaýatynyň ähli ilatynda egsilmejek şatlyk duýgusyny döretdi.
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem-de döwletimiziň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramynyň şanly dabaralara beslenýän günlerinde daşary döwletleriniň dünýä belli kompaniýalarynyň önümi bolan “Mersedes Benz-S580” we “Toýota Fortuner” – kysymly täze awtoulaglaryň Mary welaýatyna “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda gelip gowuşmagy Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň welaýat, şäher,etrap häkimlikleriniň işgärlerine , welaýatyň bagtyýar ýaşaýjylaryna uly bir toý sowgady boldy. Täze ýeňil awtoulaglarynyň gelip gowuşmagy türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň ýaşaýyş – durmuş derejelerini ýokarlandyrmakda, awtoulag hyzmatlaryny kämilleşdirmekde amala aşyrýan il – ýurt bähbitli işleriniň aýdyň netijeleridir. Hormatly Prezidentimiziň sowgat beren bu täze, ýeňil awtoulaglary Mary şäheriniň görkana köçelerinde täze gurulan döwrebap binalarynyň öňünden geçip, şäheriň gözel keşbi bilen bir bütewi sazlaşygy emele getirdi. Soňra täze awtoulaglar Mary-Aşgabat awtomobil ýoluň ugryndaky Türkmeniň “Ak öýi” binasyň öňünde uly dabara bilen garşylanyldy. Toýlary-toýa,baýramlary baýramlara ulaşýan diýarymyzyň tutumly toý dabaralaryna utgaşýan pursatlarynda gelip gowşan täze ýeňil awtoulaglary türkmen halkymyzyň asyrlarda aşyp gelýän üzärlik tütetmek, un sepmek we alaja daňmak ýaly ajaýyp däp-dessurlaryna eýerilip, ýagşy dileg – arzuwlar edildi. Ata-babalarymyzdan gelýän asylly däbe eýerip täze awtoulaglary gutlamak dabarasy milliligimizi dabaralandyrýan Türkmeniň “Ak öýi” binasynyň öňünde şatlyk şowhuna beslendi. Welaýatyň aýdym-saz, tans we döredijilik toparlarynyň ýerine ýetiren çykyşlary bilen milli ýörelgelerimiz hem giňden ýaýbaňlandyryldy. Welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren aýdymlarynda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän beýik işleriniň, asuda hem abadan durmuşymyzyň, baýramlarymyzyň naýbaşysy Garaşsyzlygyň waspy belentden ýaňlandy. Welaýatyň il sylagly ýaşulylary dabara aýratyn öwüşgin goşan bu täze awtoulaglary sowgat beren Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň rowaç işleriniň üstünliklere beslenmegini beýik biribardan dileg etdiler.
Ähli amatlyklary bolan, bu täze awtoulaglar welaýatyň bagtyýar ýaşaýjylarynyň buýsançly başlaryny hasam belende göterdi. Daşary döwletlerde öndürilen “Mersedes Benz-S580” we “Toýota Fortuner” kysymly täze awtoulaglary tejribeli sürüjilere ynanyldy. Bu täze ýeňil awtoulaglar welaýat,etrap, şäher häkimlikleriniň işgärlerine Türkmenistanyň nobatdaky Halk Maslahatynyň kabul eden taryhy çözgütlerini, öňde goýan aýdyň wezipelerini üstünlikli durmuşa geçirmäge we ähli pudaklarda alnyp barylýan işleri ýokary depginde we sazlaşykly guramaga uly ýardam berer. “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynyň her bir gününi zähmet üstünliklerine besleýän Mary welaýatynyň bagtyýar raýatlary we häkimlikleriň işgärleri täze taryhy eýýamda halkymyzyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmakda,edara-kärhanalaryň tehniki binýadyny pugtalandyrmakda alyp barýan döwlet bähbitli işleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.
Çarymuhammet SAPAROW.