Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň oýlanyşykly ykdysady syýasaty netijesinde ýurdumyzyň önümçilik kuwwatlyklaryna täze tehnologiýalaryň, innowasiýalaryň, sanly ykdysadyýetiň giňden ornaşdyrylmagyna uly üns berilýär. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda halk hojalygymyzyň ähli pudaklarynda gazanylýan öňegidişlikler öňdebaryjy elektroenergetika pudagynda has-da aýdyň duýulýar. Türkmen energetikasynyň öňbaşçysy Mary DES-niň senagat zolagynda gurlup, ulanylmaga berlen täze tehnologiýaly döwrebap elektrik stansiýalarynyň ikisi hereket edýär.
Döwlet Baştutanymyzyň tagallalary bilen ulanylmaga berlen täze önümçilik kuwwatlyklary elektrik energiýasyna barha ýokarlanýan islegi has doly kanagatlandyrmakda möhüm ädim boldy. Energetiklerimiziň iş we durmuş şertlerini gowulandyrmak, howpsuz zähmeti üpjün etmek möhüm wezipelerimiziň biri bolup durýar. Kärhanamyzyň önümçiliginde tehnologiki düzgün-nyzamyň, tehniki howpsuzlygyň we zähmeti goramagyň kadalarynyň berk berjaý edilmegine hemişe uly üns berip, degişli hünärmenler bilen degerli işleri geçirip durýarys. Kärdeşler arkalaşygy guramamyz tarapyndan işgärlerimiz hakda uly alada edilip, olary döredijilikli zähmete höweslendirmekde zerur çäreleri görýäris. Bu bolsa energetiklerimizi ýokary netijelere ruhlandyrýar.
Jemal GURBANOWA.








