Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda giňden bellenilýän Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçirilýän şowhunly dabaralar, maslahatlar ýurdumyzyň Mary welaýatyň ähli etrapdyr şäherlerinde hem biri-biri bilen utgaşyp, ýokary ruhybelentlige beslenýär. Şeýle maslahat hem Mary welaýat Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullygynyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Mary welaýat geňeşiniň bilelikde gurnamagynda “Ak pataly, ak ýoldan ak geljege rowan biz, Arkadagly Gahryman Serdar bilen dowam biz” ady bilen Mary welaýat Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullygynyň mejlisler jaýynda geçirilip oňa eli ýeňil lukmanlar, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Mary welaýat geňeşiniň işgärleri we işjeň agzalary gatnaşdylar. Maslahatda çykyş edenler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň at-abraýynyň dünýäde barha artýanlygy, agzybir halkymyzy bagtyň gujagynda ýaşatmak ugrunda edýän ägirt uly aladalary, belent menzilleri nazarlaýan ata-Watanymyzyň dürli pudaklarynda, ýetilen sepgitler we öňde durýan wezipeler dogrusynda-da bu ýerdäki çykyşlarda aýratyn bellenildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe döwletimiziň halkara hoşniýetlilik, parahatçylyk, dostluk, we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan içeri we daşary syýasatyny, Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk şöhratly senesini giňden wagyz etmek hem-de dünýä ýaýmak, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny has-da belende göterýändigini hem çykyş edenler aýratyn belläp geçdiler. Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar dünýäde parahatçylygyň, abadançylygyň, dost-doganlygyň berkarar bolmagy ugrundaky dünýä döwletleri bilen hyzmatdaşlygy, syýasy we medeni gatnaşyklary ösdürmekde alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri üçin Gahryman Arkadagymyza Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Azat Beglanow.








