Golaýda TKA-nyň welaýat birleşmesiniň ýygnaklar zalynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy, syýasy ähmiýetini jemgyýetçilik köpçüliginiň arasynda wagyz etmek maksady bilen TAP-nyň welaýat, etrap, şäher komitetleriniň bilelikde guramagynda “Halk Maslahaty — bagtyýar halkymyzyň Watançylyk ýörelgesi, mizemez göreldesi” atly çäre geçirildi. Oňa TAP-nyň welaýat, etrap, şäher komitetleriniň işjeň agzalary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalary, Türkmenistanyň Halk Maslahatyna gatnaşan wekiller hem-de Şa serpaýyna eýe bolan kärendeçi daýhanlar gatnaşdylar.
Täsirli geçen wagyz-nesihat çäresinde TAP-nyň welaýat komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiri Güljemal Nazarowa, Murgap etrabyndaky 1-nji çagalar bagynyň müdiri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Aýjemal Allanowa, TAP-nyň Baýramaly şäher komitetiniň başlygy, etrap halk maslahatynyň agzasy Selbi Kommanowa, TAP-nyň Ýölöten etrap komitetiniň başlygy Ýagşymyrat Tairow, TAP-nyň Mary şäher komitetiniň başlygy, etrap halk maslahatynyň agzasy Mekan Annadurdyýew, Mary etrabynyň telekeçi-kärendeçisi Türkmenistanyň “Watana bolan söýgüsi üçin” medalynyň eýesi Atamyrat Alyýew çykyş etdiler. Olar 2025-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň sözlän taryhy çykyşynyň many-mazmuny, maslahatdan gelip çykýan wezipeler barada giňişleýin durup geçdiler.
Çäräniň ahyrynda Türkmenistan döwletimizi parahat, asuda saklamakda, halkymyzy bagtyýar ýaşatmakda, Watanymyzy ösdürmekde alyp barýan döwletli işleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Ogulşat BERKELIÝEWA.








