Mary welaýat Polisiýa müdirliginiň Polisiýanyň Ýol gözegçilik bölüminiň hem-de Mary Lukmançylyk orta okuw mekdebiniň bilelikde gurnamagynda “Ýol hereketiniň howpsyzlygy - ömrümiziň rahatlygy” atly bir aýlyga bagyşlanyp wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Mary Lukmançylyk orta okuw mekdebinde geçirilen bu çäräniň dowamynda Mary welaýat Polisiýa müdirliginiň Polisiýanyň Ýol gözegçilik bölüminiň işgärleri hem-de bu mekdebiň mugallymlary çykyş edip, talyplara köçe ýol hereketiniň düzgünlerini doly we dogry öwrenip, ýol hereketiniň düzgünlerini pugta berjaý etmelidiklerini düşündirdiler. Şeýle-de ýaşlaryň ahlak taýdan arassa, beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan kämil bolup jemgyýetimize gerekli, watanymyza, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza wepaly ýaşlar bolup ýetişmeklerini nygtadylar.
Altynaý Seýitberdiýewa.








