Geçmişde türkmen zenanlary bugdaýdan her dürli iýmit önümlerini taýýarlapdyrlar. Olar bugdaýy sowrup, soňra ýuwup, guradyp ondan talhan, gowurga, dänik taýýarlapdyrlar. Biziň şu günlerimizde hem semeni aşymyzy Nowruz baýramynda zenanlar ürç edip gaýnadýarlar. Ýaşlar semenini taýýarlanlarynda onuň nähili köp zähmet talap edýändigini görýändirler.
Gowurgany-da azda-kände bilýän ýaşlar bar. Emma talhan bilen dänigi şu çakda bilýän juda seýrekdir. Gowurga etmek üçin ýuwlup, taýýarlanan bugdaýy gurandan soň gazanda gowurmaly. Ondan soňra künjini gowurmaly. Bugdaýam, künjinem seresaply bolup, öte geçirmän gowurmaly, öte geçirseň ajy kakýar. Künjini bugdaýdan aýra gowurmaly. Sebäbi, künji uşajyk, ýumşak hem näzik bolýar.
Dänik barada aýdanymyzda, bugdaýly gazana suw guýup, duzuny laýyklap, bugdaý gowy çişip bişinçä gaýnadyp, bişenden soňra süzüp alyp iýibermeli. Munuň üçin ýuwlan bugdaýy guratmak gerek däl, ony ýuwup, gazana atyp gaýnadybermeli.
Talhan hakynda aýdanymyzda, bugdaýy gowrup, soňundan döwüp, gant -ýa-da toşap bilen garmaly. Süýjülik garylmasa, onuň tagamy bolmaýar. Şonuň üçin hem oňa “talhan” diýipdirler.
Talhan talhy, talh, tagamsyz diýlen manylary beripdir. Mysal üçin, tagamyny ýitiren suwa hem “talhy suw” diýilýär. Ýa-da: “Agzym tagam bilenok, agzyma salan zadym agzymda köpelýär, talh bolup dur” hem diýilýär.
Biz çaga döwürlerimiz talhany ene-atalarymyz çaý içenlerinde çaýyň ýany bilen iýerdiler. Indi bolsa, biziň ajaýyp zamanamyzda kökedir süýjiniň dürli görnüşleri dükanlarymyzy dolduryp dur. Baryp islän iýmitiňi alybermeli.
Ogulbäbek AGAJANOWA.








