Nakyllardyr hüwdüleri, aýtgylary we atalar sözüni özünde jemleýän halk döredijiligi halkymyzyň ruhy hazynasy, baýlygydyr. Olaryň arasynda ata-balarymyzdan miras galan hem-de biziň şu günlerimiz-de hem bereketli saçaklarymyzy bezeýän milli tagamlarymyz bilen baglanyşyklylary-da bar. Söýgüli neşirimiz bolan “Maru — şahu jahan” gazetiniň okyjylaryna olaryň käbirlerini ýetirmegi makul bildik.
Tapsaň gowurma iý, tapmasaň gowurga.
Çörekli oglan söýmäge ýagşy.
Garly güni — garma,
Ýagyşly gün — ýarma.
Gaýnadarlar semeni,
Dula dürtüň temeni.
Allaý-allaý al hanym,
Bal goşulan talhanym.
Etmekçidim patrak,
Boldy bary çetrek.
Ýetim aşy ýarma, köje,
Ol hem bişer ýary gije.
Pah bilen palaw bolmaz.
Unumy tükeden unaş,
Ýagymy tükeden owmaç.
Sary ýag — däri ýag.
Sargan iýen sag bolar.
Toplan
Rozyjuma RAHYMOW.