Kän gezek geň galyp görmedik adam hiç haçan geň galdyryjy zatlary döredip hem bilmeýär.
Toprakdan önen zatlar topragyň halaýan ýagyş-garyny, güneş-aýazyny isläp duranok. Şunuň sebäbine düşünsek, çagalar bilen gowy düşünişip bileris.
Naýbaşy eserler hiç wagt topar bolup döredilmeýär.
Naýbaşy zehin üçin döredilen eseri çem gelen ýerine ýetirip bilmeýär.
Ertiriň aladasyny ýa arzuwyny etmek üçin şu günüň rahat bolmaly.
Günäsini boýun alýan adam üçin jezanyň agyr-ýeňildigi mesele däl, esasy mesele: ýazyklymy ýa bigünämi?
Gargyş büren bendäniň öler ýaly ölesi gelýär, ýöne hasaplaşyk pursady gelmese — bolanok.
Bilinmek üçin edýän bolsaň, hiç mahal eden işiňden kanagat tapmarsyň.
Mädesi iri adamlaryň özleri aglaba ownuk bolýarlar.
Muhammetberdi ANNAGELDIÝEW.








