- “Ata razy — Alla razy” diýleni. Ata öýkelese, solarsyň. Ata gargasa, ýanarsyň.
- Köpçülikde ýamany ýazgarman, ýagşylar barada gürrüň etmek bähbitli. Ýagşynyň öwülýän ýerinde ýaman özüni ýenjilýän ýaly duýýar.
- Hakyky türkmen gylykly gelniň öz gaýynatasyna ýa gaýynagasyna däl, hatda olaryň ady dakylan ýüwürjilerine hem hormaty başga bolarmyş.
- “Öýke-kinesi ýok” diýip, ýagşynyň köňlüne daş oklama!
- Şowly pursatlaryň şatlygyny şowsuzlygyň oduna ýakyp ýörmeli däl.
- Ertäniň gaýgysyna gaplanan adam şu gününiň nuruna ýylynyp bilenok.
- Türkmen geçmiş mirasyna näçe pugta bolsa-da, maşgalanyň emläk mirasyna gezek gelende juda jomart hem sahawatly halk.
- Päk ahlakly kişä kesek atmak — bu kirli kalplaryň biygtyýar seslenmesi.
- Näkes özüne meňzeşe däl-de, näkeslik edip bilmejege kast edýär.
- Halal we dogry ýaşamak hökman bähbitli bolmaly.
- Ýüregiňe sygmaýan zatlaryň hemmesini ýaman saýma, belki, seniň ýüregiň juda dardyr.
- Göwnüň ýetmeýän zatlaryň seniň gözüň ýetmeýän zatlar bolaýmasyn?!
- Perwana özüni oda bilmän urýan däldir, çünki, söýgi ody daşlaşdygyňça beter örteýär.
- Kän gezek geň galyp görmedik adam hiç haçan geň galdyryjy zatlary döredip hem bilmeýär.
- Diňe kaka bolanlygyň üçin uly hormat islemek — bu wezipäňden aşa peýdalanmak bolýar. Hemme zat nähili kakalygyňa bagly.
- Naýbaşy zehin üçin döredilen eseri çem gelen ýerine ýetirip bilmeýär.
- Bilinmek üçin edýän bolsaň, hiç mahal eden işiňden kanagat tapmarsyň.
- Mädesi iri adamlaryň özleri aglaba ownuk bolýarlar.
Muhammetberdi ANNAGELDIÝEW.








