Erki golak elde-de saklap bilýänler bar.
Erkinligi erki elindäki adama bermeli. Erksiz kişi erkinligi başyna bela ediner.
Etmişiňi ýygnap-ýygşyrmankaň ýuwmaly. Ýuwulman ýaşyrylan etmiş-hatalar iriňli baş ýaly kalbyňa rahatlyk bermeýär.
Gabak tirpildäberse, emgegiň gozgadygymyka?
Günüň batdygy görünýän ýyldyzlary dostlara-da, doganlara-da deňäsiň gelip dur.
Mähriban adamlar, edil gijeki ýyldyzlar ýaly, günümiz batan halatynda-da bizi ýeke galdyranoklar.
Gahary sowatman, gyzgyny bilen ýazmaly. Gahar sowasa kitüwe öwrülýär.
Galamy işledip, küteldip, tä gutarýança ýonýarlar. Ýonulýan adamlardanam bir zatlar tama edilýändir.
Muhammetberdi ANNAGELDIÝEW.