Ejiziň gözünden nem çykýar, dogumlynyňkydan — ot.
Ekine boý berýän zatlaryň içinde suwdan, howadan, toprakdan hem zerury yhlas bolsa gerek. Yhlas kem ýerinde iň aňrybaş hyzmatyň hem mazasy bolanok.
Eliňdäkini eldeki et.
Eli süýjiniň taýýarlan tagamyny dili süýji bilen iýäýseň!
Elliden soň ömür ýoly şeýle bir tiz geçýär, edil pellehananyň özem saňa tarap süýşüp gelýän ýaly!
Endige öwrülmedik edep ýasamadyr, onuň bozulmajagyna ynam ýok.
Eneň-ataňa göwün eden hyzmatlaryny edip ýetişmedik bolsaň, sebäbini olaryň ömrüniň gysgalygyndan däl-de, öz yhlasyň kemliginden gözlemeli.
Muhammetberdi ANNAGELDIÝEW.