Türkmen zenanlarynyň on barmagyndan dür dökülýär. Enelerimiz dokma dokamagy, el işlerini etmegi, her hili lezzetli tagamlary taýýarlamagy ussatlyk bilen ýerine ýetiripdirler.
Olar sygyr süýdünden süzme edip, süzmeden bolsa gurt ýasapdyrlar.
Süzme etmek üçin süýdi bişirip, mylaýymjakka içine gönezlik atyp, uýaýança basyryp goýmaly we gözegçilik edip, gatyk turşamanka reňksiz matadan tikilen halta guýup süzdürmeli. Şeýle edilende süzme ýuwan bolýar.
Süzme gatyja bolandan soňra bir gaba alyp, duz atyp, duzy alyşýança hamyr ýugran ýaly ýugrup, togalajyk görnüşde böleklere bölüp, tekizje tagtanyň üstünde serip goýmaly. Ol gurt bolup gurandan soňra mata haltajyga salyp, salkyn ýerde asyp goýmaly.
Gurt ýagy ýaýylyp alnan aýrandan edilen süzmeden we ýagy alynmadyk süzmeden hem edilýär. Ýagy alynmadyk süzmeden edilen gurduň daşyna saryja ýagy çykyp durýar. Aýranyň süzmesinden ýasalan gurt ak, ýagsyz bolýar. Gurt serlende mör-möjekden, it-guşdan goramak niýeti bilen üstüne elek düňderilip, oňa-da agramly bir zat goýýarlar.
Enem bolsa ýylgyndan örülen tamdyr şekilli sebedi bar bolansoň şonuň içine arassaja mata ýazyp, gurdy üstüne serip, arassaja mata bilenem ýapyp, sebediň agzyna-da agyr zat goýup, guradardy.
Enem süzmäni goýun derisinden edilen meşige hem guýup ederdi. Gatygy meşige guýup, işige çäge getirip, gatyk guýlan meşigi çägä gömerdi. Köp adam ony görenem däldir. Meşik, tulum ikisi-de bir zat, emma, oňa toşap guýlanda tulum, gatyk guýlanda meşik diýilýär. Munuň üçin goýnuň hamyny ütmän soýup alýarlar. Onsoň bitewi hamyň ýüňüni ütüp, ony duz sepip, eýleýärler. Şonda ham ýumşak bolýar. Ondan soňra oňa toşapdyr gatyk guýubermeli. Meşigiň-de, tulumyň-da dört bujagynyň (aýagynyň) üçüsini mäkäm daňyp, berklemeli. Bokurdagy bilen bir bujagyny halka edip daňmaly, sebäbi, bokurdakdan gatyk guýmaly, bujagyny çözübem süzme almaly.
Enem şeýle işeňňir, arassaçyl aýaldy, üstesine-de köp rowaýat, erteki, matal bilýärdi. Ol meşigi çägä gömende içine çäge girmez ýaly bokurdagyny, bujagyny arassaja mata bilen berk daňyp goýardy.
Enem süzme ederdi,
Gatyk guýup meşige.
Onam gömüp goýardy,
Çäge döküp işige.
Üç aýagy berklenen,
Bir aýagy bujakdy.
Çaga bary geň görüp,
Şol süzmeden iýjekdi.
Enem janyň ýok wagty,
Çözerdik biz bujagy.
Görünip dur-a onuň,
Gelse, näme diýjegi.
Bar käýinjem şu bordy:
“Guýup berjeg-ä özüm,
Dökän-saçan eýlemäň!”
Diýip soňlardy sözün.
Ogulbäbek AGAJANOWA.








