Gadymy Mary topragynyň hasyl ussatlary ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny üpjün etmek üçin uly goşant goşýarlar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda “Maryşeker” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan daýhan birleşikleri, daýhan hojalyklary bilen täze hasyl üçin 17 müň 900 gektar meýdana gant şugundyryny ekmek boýunça şertnama baglaşyldy.
Welaýatymyzyň zähmetsöýer kärendeçileri bugdaýdan boşan meýdanlary arassalap, şüdügär sürümini geçirip, aralyk ekin hasaplanylýan gant şugundyrynyň bereketli hasylyny ýetişdirmegiň we goşmaça girdeji almagyň aladasy bilen tutanýerli zähmet çekýärler. Paýdarlar jemgyýeti bilen şertnama baglaşan kärendeçiler tehnika, ýokary hilli tohum, mineral dökünler, ekinleriň kesellerine we zyýankeşlerine garşy himiki serişdeler bilen yzygider üpjün edilýär.
Ekin meýdanlarynda işler meýilnama esasynda guramaçylykly geçirilýär. Ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Gant şugundyrynyň döküni, bejergini, suwy köp talap edýän ekindigine düşünýän kärendeçiler agrotehniki talaplara görä iş geçirýärler. Ekin meýdanlarynyň her gektarynyň girdejililigini artdyrmak, önüm öndürijileriň düşewündini ýokarlandyrmak, ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek biziň döwrümiziň wajyp wezipeleriniň biridir.
Welaýatymyzyň kärendeçileri ak bugdaýyň, “ak altynyň”, gök-bakja, miwe önümleriniň datly hasylyny ösdürip ýetişdirmegiň hakyky ussatlary. Esasy azyklyk ekin bolan gant şugundyryndan “Maryşeker” kärhanasynda senagat taýdan işlenilip, ilatyň gündelik iýmitleriniň biri bolan şeker öndürilýär. Bu aralyk ekin esasan galla hasylyndan boşan ýerlere ekilýär. Ýylyň dowamynda ýerden iki hasylyň alynmagy bolsa, her gektaryň düşewüntliligini artdyryp, daýhanyň der döküp çeken halal zähmetine görä girdejiniň bolmagyna şert döredýär.
Daýhanlaryň tutanýerli zähmeti bilen halal baýamagy üçin ähli tagallalary edýän, hemaýat-goldawlaryny gaýgyrmaýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, döwlet ähmiýetli durmuşa geçirýän tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!
Sähet HOJAGELDIÝEW.