AK...
Sözleriň hemmesi-de gowy. Ýöne, “ak” sözi halkymyzda eý görülýän sözleriň biri bolsa gerek. Muny bu söz bilen baglanyşykly söz düzümleriniň halkymyzyň ýagşy dileglerine siňip gidenligi we olaryň hemişe işjeň ulanylýandygy bilen düşündirse bolar. Olaryň hatarynda “Ýoluňyz ak bolsun!”, “Ak zat alnyňa ýagşy”, “Ak gyz ýoldaşyň bolsun!”, “Ak guş”, “Ak geçiň owlagy ýaly”... diýen ýaly ýagşy dilegleri, söz düzümlerini görkezmek bolar. Garaz, ak sözi bilen baglanyşykly ýa-da tirkeşip gelýän sözler, tüweleme, barmak büküp sanardan köp.
Halkymyzda “Ýazda aksyz bolma, güýzde göksüz” diýen nakyl hem bar. Çarwa pederlerimiz ýazlaga çykanlarynda goýundyr geçileri sagyp, maşgalasy üçin zerur bolan sargan, peýnir, mesge, saryýag, gurt... ýaly dürli azyk önümlerini edinipdirler. Bu işde “Aklyk bar ýerde dokluk bar” diýen pähimden ugur alyp, şol önümleriň gyşyna-da bereketli saçaklarynda bol bolmagyny gazanypdyrlar. Mellek ýerine bereket çeşmesi hökmünde garap, ideg edip gelen ata-babalarymyz oňa ýazlyk, güýzlük ekinleri ekip, ýylyň dowamynda ondan ýerlikli peýdalanmagy başarypdyrlar.
Indi bolsa, ak sözi bilen baglanyşykly käbir söz düzümlerine düşündiriş berip geçeliň!
Ak zatlar — süýt, gatyk we ondan öndürilýän önümler.
Ak ekin — arpa-bugdaý ýaly däneli ekinler.
Ak ýer — ak ekinleri ekmek üçin taýýarlanylan ýer.
Ak öý — ata-enesiniň rysgaly aýrylan ogluna tutup berýän täze öýi.
Akgoýun — adam pygamber ýaşyna — 63 ýaşa ýetende berilýän sadaka.
Ak pata — ýoluň ak, tutan, başyna baran işiň şowuna bolmagyny arzuw etmek.
Ak iş — zergärçilikde kümüş eretmek, ony çekiçläp süýmek, tershalka, gulp oturtmak, nagyşlap, haşamlamak ýaly işleriň umumy atlandyrylyşy.
Ak uzyn — ilkagşam, Aý aýdyňda oýnalýan milli oýun.
Ak şygyr — edebiýatda setirleriniň soňky sözi kapiýalaşmaýan ak goşgy.
Ak bazar — harytlaryň bazaryň göterýän nyrhyndan satylýan we satyn alynýan ýeri.
Akdaban — haýýar, zatdan gaýtmaýan, şermende.
Ak girmek — saç-sakgalyň agaryp başlamagy.
Ak guş ýaly — günäsiz, päkize.
Ak geçiň owlagy ýaly — gowy görülmek, aýry tutulmak.
Ak ýol — päsgelçiliksiz, garşylyksyz ýol.
Annamyrat BERDIMYRADOW.