Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýöredýän parasatly içeri hem-de daşary syýasaty Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň durmuş-ykdysady ösüşine giň ýol açýar. Diýarymyzyň ähli ulgamlarynda ösüşlerdir özgerişlere ýetilýär. Ýurdumyzda gurlup, ulanylmaga berilýän täze zawod-fabrikleriň ýokary hilli önümleriniň mukdary ýylsaýyn artýar. Senagat kärhanalarynda gymmatly çig mal bolan pagtadan taýýarlanylýan önümleri öndürmekde ösüşlere ýetilýär. Ýurdumyzyň pagta arassalaýjy kärhanalarynda pagta hasyly gaýtadan işlenilip, süýüm alynýar we kämil hem çylşyrymly tehnologiýalaryň kömegi bilen egirme fabriklerinde dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýüplükleriň dürli ölçeglerdäki görnüşleri öndürilýär.
Ýüplük egriji fabrikleriň biri hem 1997-nji ýylda işe başlan Tagtabazar etrabyndaky pagta egirme kärhanasydyr. Bu ýerde ýokary hilli we dürli ölçeglerdäki ýüplükleriň taýýarlanylýandygy barada fabrigiň hünärmenleri gürrüň berdiler.
— Fabrigimizde 300-den gowrak işgär bolup, olar üç çalşykda işleýärler. Bu ýerde işler 7 bölümde alnyp barylýar. Gündizki çalşykda Ahmet Seýitmyradow, Aýmyrat Arnamuhammedow, Mekan Amanow, Halmyrat Bäşimow we beýleki işçi operatorlar göreldeli işleýärler. Kärhanamyzyň baş inženeri Nurmyrat Öwezow işçileriň we hünärmenleriň höwesli işlemekleri üçin ähli tagallalary edýär. Çünki, fabrigimizde işleriň guramaçylykly alnyp barylmagy hem-de önümleriň ýokary hilli bolmagy ünsden düşürilmeýär. Işgärlerimiziň döredijilikli zähmetinden kemala gelýän ýokary hilli önümlerimize isleg barha artýar. Fabrigimizde öndürilýän önümler dürli ölçeglerde bolup, olara ata Watanymyzda, daşary ýurtlarda hem uly isleg bildirilýär — diýip, fabrigiň direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Gurbanmyrat Arnamyradow gürrüň berýär.
Hawa, fabrikde zähmet joşýar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda fabrigiň agzybir işgärleri janaýaman zähmet çekýärler. Olaryň her biri öz iş orunlarynda berk durup, öndürilýän önümleriň ýokary hilli hem-de islegli önümler bolmagy barada yhlas edýärler.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda 4270 tonna nah ýüplük taýýarlamaklygy maksat edinýän kärhananyň işgärleriniň gadamlary batly.
Çary AMANGELDIÝEW.