Habarçymyz welaýat polisiýa müdirliginiň ÝHB-niň Mary şäher ÝHB-niň müdiriniň işgärler boýunça orunbasary, içerki gullugyň podpolkownigi Röwşen SALAROW bilen duşuşyp, senagat kärhanalarynda ýangyn howpsuzlygynyň kadalary barada gürrüň bermegini haýyş etdi.
— Türkmenistanyň “Ýangyn howpsuzlyk hakynda” Kanunynyň talaplaryna laýyklykda, senagat kärhanalarynda ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmek jogapkärçiligi şol kärhanalaryň ýolbaşçylarynyň üstlerine ýüklenilýär. Kärhana täze işe girenler bilen ýangyn howpsuzlygyndan gözükdirme geçirilmelidir. Kärhananyň hemme binalaryna we desgalaryna päsgelçiliksiz barar ýaly şert döredilmelidir. Binalaryň, desgalaryň, çig mallaryň we harytlaryň üýşürilen ýerleriniň ýangyn ýodalaryny ýapmak gadagandyr. Kärhananyň çägi we önümçilik meýdançalary ýangyn howply zir-zibillerden we önümçiligiň galyndylaryndan arassalanan bolmalydyr. Kärhananyň çäginde ýangyn howply galyndylary açyk görnüşde saklamak gadagandyr. Olaryň saklanmagy üçin biri-biriniň arasy 100 metr aralykdan golaý bolmadyk, üsti gapakly (ýapylýan) demir gutular oturdylmalydyr. Galyndylar tozgalandyrmaýan ýöriteleşdirilen awtoulaglarda, gaplarda kärhananyň çäginden çykarylmalydyr.
Adamlaryň halas ediş ýollarynda hiç hili päsgelçilik bolmaly däldir. Ikinji halas ediş gapylaryny gulplamak, çüýlemek gadagandyr, olar diňe içinden kilt bilen ildirilmelidir. Senagat kärhanalarynyň önümçilik sehlerinde, edara jaýlarynda we binalarynda ýangyn dörände adamlary halas etmegiň meýilnamasy çyzylyp, görnükli ýerde asylyp goýulmalydyr. Olaryň çäginde açyk ot ýakmak, çilim çekmek, wagtlaýyn elektrosimleri, näsaz elektrik enjamlary ulanmak gadagandyr. Senagat kärhanalarynyň çägindäki suw howuzlary elmydama arassa, içi suwdan doly ýagdaýda saklanmalydyr, olaryň ýanyna ýangyn söndüriji ulaglary päsgelçiliksiz barar ýaly bolmalydyr, içki ýangyn kranlary ýangyn suw geçirijileri, suw pürküjileri bilen üpjün edilmelidir we ýörite gutularda saklanylmalydyr. Ýangyna garşy gurallary, enjamlary başga maksatlar üçin ulanmak gadagandyr. Senagat kärhanalarynyň binalaryndaky, önümçilik sehlerindäki, ammarlaryndaky agaç konstruksiýalar oda durnukly düzüm bilen işlenip geçilmelidir.
Gürrüňi ýazga geçiren
Baýram AMANOW.








