Hemmämize mälim bolşy ýaly, 2025-nji – “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” üstünliklere beslendi. Geçen ýylda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ähli ulgamlarda – saglygy goraýyşda, medeniýetde, bilimde, şol sanda ykdysadyýetde, halkara gatnaşyklarynda giň gerimli işler alnyp baryldy. 2025-nji ýylyň üstünlige beslenip, tamamlanyp barýan minutlarynda hormatly Prezidentimiz özüniň gutlag sözi bilen çykyş etdi. Şol pursat Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýylyň dowamynda alnyp barlan işler dogrusynda, şol sanda geljek ýylda göz öňüne tutulýan maksatlar dogrusynda giňişleýin aýdyp geçdi. Hakykatdan-da ýurdumyzda geçen ýylda beýik işler durmuşa geçirildi.
Bu günki gün bolsa, türkmen halky “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylyny zähmet üstünliklerine, taryhy wakalara beslemek üçin ynamly öňe barýar. Her bir ulgamda zähmet çekýän ildeşlerimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna mäkäm jebisleşip, ata Watanymyzyň abraýyna uly goşant goşmak üçin janaýaman işleýär. Üstümizdäki ýylyň taryha altyn harplar bilen ýazyljakdygy, her bir gününiň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda şowlulyklara ýar boljakdygy şübhesizdir. Çünki biziň ýurdumyzda “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir” diýen baş şygarymyz öňe sürlüp, ähli işler diňe halkyň bähbidine gönükdirilýändir.
Annagözel SARYÝEWA.








