2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip atlandyrylmagy mynasybetli etrap häkimliginiň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň, TKA-nyň etrap birleşmesiniň, etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda etrapdaky 23-nji orta mekdebiň mejlisler zalynda maslahat geçirildi.
Maslahatda etrap häkiminiň orunbasary Annagül Orazsähedowa, etrap bilim bölüminiň müdiri Guwanç Akmyradow, etrapdaky 23-nji orta mekdebiň mugallymy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Şirin Baýmyradowa, TMÝG-niň etrap geňeşiniň başlygy Sülgün Agajanowa, TKA-nyň etrap birleşmesiniň hünärmeni Aýbölek Beknepesowa çykyş etdiler. Çykyşlarda 2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň uly üstünlikler bilen jemlenendigi, täze — 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip atlandyrylmagynyň mazmuny we wezipeleri barada giňişleýin gürrüň etdiler. Bedew at täze menzillere, ösüşiň belentliklerine ymtylyşy alamatlandyrýar. Ol halkymyzyň milli gymmatlyklarynyň iň naýbaşylarynyň biridir. Bu gün ahalteke atlarymyzyň gözelligi, ýyndamlygy, şan-şöhraty bilen bütin dünýäde ýurdumyzyň at-abraýyny belende göterýändigini buýsanç bilen belläp geçdiler.
Ýazmyrat Annagurbanow.








