Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly Mary welaýatynyň Murgap etrabynda hem ,,Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan - Bedew batly at-myradyň mekany” ýyly mynasybetli geçirilýän maslahatlara, aýdym – sazly medeni çärelere giň gerim berilýär. Mary welaýatynyň Murgap etrabynda etrap häkimliginiň, etrabyň Demokratik partiýasynyň guramalarynyň bilelikde gurnamaklarynda hem dabaraly maslahat geçirildi. Maslahatyň dowamynda Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzy has-da gülledip ösdürmek boýunça alnyp barylýan tutumly işler dogrusynda giňişleýin gürrüňler edildi. Murgap etrabynyň medeniýet öýünde geçirilen bu çära Medeniýet, bilim ulgamlarynyň işgärleriniň gatnaşmaklarynda geçirilen dabaraly maslahatyň dowamynda sungat ussatlary göwünlere şatlyk paýlaýan çykyşlaryny hem belent joşgun bilen ýerine ýetirdiler. Ussat aýdymçylaryň, çykyşlary bu dabaranyň şatlygyny artdyrdy. Estrada aýdymçylar asuda, erkana Watanymyzy, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwrüni, il – halk, döwlet bähbitli rowaç işlerini wasp edýän aýdymlary belent heňlerde ýerine ýetirip, dabara gatnaşanlara ruhy lezzet paýladylar.
Suwhan Kulyýew.








