Golaýda Türkmengala etrap medeniýet öýünde etrap häkimliginiň, TDP-niň etrap komitetiniň, TKA-nyň etrap birleşmesiniň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň, etrap merkezi kitaphanasynyň, etrap medeniýet bölüminiň bilelikde guramagynda “Berkarar döwletde bagtyýar Diýar, Şanly Bitaraplyk toýuna barýar” ady bilen hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk toýuna bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi. Oňa jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri we etrapdaky edara-kärhanalaryň işgärleri gatnaşdylar.
Dabaraly çärede etrap häkiminiň orunbasary, etrap zenanlar bölüminiň başlygy Gülbahar Nurýagdyýewa, TDP-niň etrap komitetiniň işgäri Aýjeren Işangulyýewa, TKA-nyň etrap birleşmesiniň başlygy Myratly Amannaýew, TMÝG-niň etrap geňeşiniň baş hünärmeni Bilbil Jumaýewa, etrap merkezi kitaphanasynyň kitahanaçysy Jennet Jumaýewa çykyş etdiler. Olar çykyşlarynda hemişelik Bitaraplygymyzyň bize beren dost-doganlyk gatnaşyklary, ähli ulgamlarda gazanylan üstünlikler dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedew bady bilen öňe barýan Diýarymyzyň ösüş-özgerişleri, daşary döwletler bilen söwda ykdysady gatnaşyklary barasynda durup geçdiler.
Şeýle hem çäräniň ahyrynda etrabyň medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazlary belentden belent ýaňlandy.
Muhammetnazar TÄŞLIÝEW.








