Sahawatly türkmen topragy berekediň, bolçulygyň gözbaşy. Ata-babalarymyzyň maňlaý deri garylan, aýak-yzlary galan, ene-mamalarymyzyň ýürek mähri siňen türkmen topragynda jenneti miweleriň, ir-iýmişleriň, gök bakja ekinleriniň dürli görnüşleri ýetişdirilip, bol hasyllary alynýar. Bagtyýar döwrümizde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda oba hojalyk pudagyny ösdürmek, her ýylda miweli baglaryň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, halkymyzy ter miwe önümleri bilen üpjün etmek ugrunda dünýä nusgalyk işler alnyp barylýar. Türkmen ýaýlasynda tebigatymyzyň behişdi nygmatlarynyň içinde üzüm hasylyny ýetişdirmekde, bereket bolçulygy döretmekde Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan belent maksatly işlerinden ruhlanyp joşgunly zähmet çekýän Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň Şordepe geňeşliginiň ýaşaýjysy, tejribeli bagban Azat Hojageldiýewleriň hem agzybir maşgalasy häzirki wagtda guwandyryjy we netijeli işleri alyp barýar.
Zähmetsöýer bagban öz maşgala agzalary bilen üzümçilik meýdanlaryny has-da giňeldip, üzümçilik pudagyny ýokary depginde ösdürmek hem-de olaryň görnüşlerini gowulandyryp, täze, bol hasyly berýän, kesellere we zyýankeşlere durnukly iri owadan hoşaly, süýji tagamly üzümleri ýetişdirmekde yhlasly we tutanýerli zähmet çekýärler. Işewür bagbanlar özlerine oba hojalyk maksatly bölünip berlen ekerançylyk ýerlerinde we hojalyk melleklerinde üzümleriň gelinbarmak, monty, terbaş, bidäne ýaly görnüşlerini ösdürip ýetişdirýärler. Ekin meýdanlaryndan ýylyň-ýylyna bol hasyl alýan tejribeli bagban öz maşgala agzalary bilen bu ýerde ylmyň gazananlaryndan giňden peýdalanyp howa şertlerimize kadaly ösýän üzüm nahallaryny oturdyp, miweleriň bol hasylyny ýetişdirýärler.
Üzümçilik meýdanlarynda ýer we suw serişdelerinden netijeli peýdalanylyp, üzüm agaçlaryna göwnejaý ideg etmek, agrotehniki çäreleri dogry we düzgün geçirip, zyýankeşlerden, mör-möjeklerden goramakda, arassaçylyk we abadançylyk işlerini talabalaýyk geçirmekde önjeýli işleri alyp baryp, tutanýerli zähmet çekýärler. Işewür bagbanlar üzüm agaçlaryny ýerli we mineral dökünler bilen goşmaça iýmitlendirmek, düýplerini ýumşatmak we olary zyýankeşlerden goramak ýaly işlere hem aýratyn üns berýärler. Gün nuruna birkemsiz bişip, buldurap görünýän, iýeniňde tenekar tagamy uzak wagtlap agzyňdan gitmeýän, şirin-şeker üzümler türkmen topragynyň täsin nygmatlarynyň biridir. Bu datly nygmatlar, jenneti miweler özüniň owadanlygy we näzikligi, tagamynyň lezzet berýänligi bilen hem tapawutlanýar. Üzümden esasy mürepbedir, şireli içgiler, kişmişler taýýarlanylýar. Üzümçilik oba hojalyk pudagynda girdejili, çykdajysy az, ygtybarly ekindir. Biziň toprak we howa şertlerimize laýyklykda şeýle datly miweleri bolluk bilen getirýän üzüm baglary ýurdumyzda giňden ýaýrandyr.
Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopediki kitabynda üzümiň gelip çykyşy, ýaýrawy, dermanlyk ähmiýeti dogrusynda gymmatly maglumatlar berilýär. Üzüm özüniň melhemlik häsiýeti bilen tapawutlanýan, ynsan saglygyna diýseň peýdaly nygmatlaryň biridir. Üzümiň düzüminde glýukoza we fruktoza bolup, azganlylyga, ýürek damar kesellerinde peýdalanylýar.
Häzirki wagtda ata-babalarymyzyň döreden daýhançylyk däplerine, ajaýyp ýörelgelerine eýerýän daýhanlarymyz üzüm ekilýän meýdanlaryny giňeltmek, olaryň düýp sanyny artdyrmak we ýokary hasyllary ýetişdirmek ugrunda netijeli işleri alyp barýarlar. Bagbanlaryň toplan baý tejribesini we üzümçilik pudagyny ösdürmekde alyp barýan işlerini kämilleşdirmek we durmuşa ornaşdyrmak üçin Murgap etrap zenanlar bölüminiň we Agrar Partiýasynyň Murgap etrap komitetiniň işewür toparlary iş meýilnamalary esasynda ýygy-ýygydan kärende ýerlerine gelip, tejribe alyşmaklary bagbanlary geljekde ýene-de üzümleriň birnäçe görnüşlerini ýetişdirmeklige ruhlandyrýar. Bu ýerde hatar tutup uzaklara uzak gitýän üzüm agaçlaryny synlanyňda bagbanlaryň päk zähmetiniň we yhlasynyň siňendigi aýdyň duýulýar.
Häzirki wagtda tejribeli bagbanlar Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda idegi ýetirilýän üzüm agaçlaryndan ekologiýa taýdan arassa, şirin-şeker üzümleri ýetişdirip ýurdumyzyň içerki bazarlaryny üpjün edip, ilatymyzyň ösen isleglerini kanagatlandyrmaklygy maksat edinýärler. Ýurdumyzyň ussat bagbanlary we zähmetsöýer işgärleri şanly Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk toýuna we Halkara Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýuna öz önümleri bilen sowgatly barmagy maksat edinýärler.
Ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň ösmeginde, bagbanlara dürli görnüşli miweli baglary ösdürip ýetişdirip miwe önümleriň bolçulygyny döretmekde giň mümkinçilikleri döredip beren Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşly sözlerini aýtýarlar.
Aýnabat ANNAGURBANOWA.