Mary welaýat häkimliginiň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesiniň, Mary welaýat Prokuraturasynyň hem-de Mary welaýat Polisiýa müdirliginiň bilelikde gurnamaklarynda “Sagdyn jemgyýet – berkarar döwlet” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesiniň işjeň agzalary hem-de dürli pudaklarda zähmet çekýän adamlar gatnaşdylar. Maslahatda çykyş edenler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saglyk we sport ulgamlaryny ösdürmekde alyp barýan belent maksatly işleri dogrusynda çuň manyly gürrüňler etdiler. Şeýle-de Watanymyzyň asudalygyny we bagtyýarlygyny pugtalandyrmakda, päk ahlakly, berk bedenli, sagdyn ruhly, Watana, halka wepaly nesilleri ýetişdirmekde, alnyp barylýan işleri uly buýsanç bilen belläp geçdiler. Maslahata gatnaşanlar Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň saglygyny pugtalandyryp, ömrüni uzaltmak barada edýän taýsyz tagallalary üçin tüýs ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar.
Aýgül BERDILIÝEWA.








