Meniň size ýetirmekçi bolýan wakama 15 — 20 ýyl boluberendir. Obamyzda halal zähmeti bilen abraýly maşgala döreden bir ýaşuly agyr syrkawlap ýatyrdy. Men her gün mekdepden — işden çykyp, şol ýaşulyny sorap geçýärdim. Ol ýaşulynyň öýi meniň öýüm bilen işleýän mekdebimiň arasynda ýerleşýärdi. Her gezek ýaşulyny soramaga baranymda, şol ýaşulynyň parasat ýüki ýetik goňşy ýaşulusy:
— Goňşy! Otyrmyň, oýamyň?! — diýip, heniz otaga girmänkä özüniň gelýändigini duýdurýardy.
Ol her gezek gelende otaga girenden jaýdaky oturanlara dilden salam berýärdi-de, näsag ýaşula:
— Goňşy, essalawmaleýkim! Ganymatlaşýarmyň? — diýip, onuň ysgynsyz elini eline alardy. Ondan soňra bolsa, hiç kime bildirmäniräk elini donundaky goltuk jübüsine ýetirip, jübüsinden çykaran zadyny nasag ýaşulynyň ýassygynyň aşagynda goýýardy. Geplemäge-de ysgyn-mydary bolmadyk hassa bolsa gözi bilen yşarat edip minnetdarlyk bildirerdi.
Hassanyň goňşusynyň bu hereketine men birnäçe gezek gabat geldim. Bir gezek hassanyň ýanynda otyrkak ýaňky ýaşuly öý eýelerinden özlerine-de, maňa-da bir çäýnek çaý sargady. Mähetdel etmän çaý hem geldi. Çaý başynda ýaşuly maňa:
— Mugallym! Sen meniň her gezek näsagyň ýassygynyň aşagyna zat goýýanymy birhiliräk göräýän-ä dälsiň-dä — diýdi-de, meniň jogabyma-da garaşman:
— Ogul, hergiz ýadyňdan çykarmagyn! Rysgally adamyň ýassygynyň aşagy hiç wagt boş durmaly däldir. Sebäbi, islendik adamyň rysgy ýanyndadyr, ol öz gelen dünýäsindäki rysgalyndan daşda bolmaly däldir — diýip, özüniň eden hereketiniň manysyny düşündirdi.
Men şol wagtlar 40 ýaşdan geçenem bolsam adamzadyň şolar ýaly yrymlaryna ünsem bermändirin. Asyl, oýlanyp otursam, enem pahyr hem biz heniz kiçiräkkäk her gün ýatjak bolanymyzda ýassygymyzyň aşagynda çörek bölejiklerini goýup ýatyrardy.
Gör-ä! Parasat ýüki ýetik, edep ojagynyň eýeleriniň, durmuş ummanynda gaýnap bişen ata-babalarymyzyň bize hiç wagt gymmatyny ýitirmejek rysgal yrymyny goýup gidişlerini!
Amanmyrat ÝAMADOW.








