Rozy  bagşy
weather mary 33° C Mary
weather mary 33° C Mary

Habarlar

Iň täze habarlar

Rozy  bagşy

183 04.12.2025

Türkmen halky şahandaz halk. Onuň durmuşyny aýdym-sazsyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Her bir türkmen azda-kände bagşydyr, gyjakçydyr, sazandadyr, ýa-da bolmasa, bagşyçylykdan baş çykarýandyr, ýa bagşynyň janköýeridir. Garaz, aýdym-saz türkmeniň ömürlik hemrasydyr. Şonuň üçin hem her bir türkmeniň öýüniň töründe dutar, gyjak, tüýdük ýa gopuz hökman bardyr. Belki, şeýle bolansoň, gündiz bolsun, gije bolsun, islendik türkmen obasynyň deňinden geçseň, dutaryň, gyjagyň ýa-da tüýdügiň sesi ýaňlanyp durandyr.
Pendi düzlügi ady belli meşhur bagşy-sazandalaryň mekanydyr. Bu toprakda türkmeniň onlarça bagşysy ýetişipdir.
Gahryman Arkadagymyzyň “lle döwlet geler bolsa...” atly ajaýyp kitabynda şeýle dürdäne setirler bar. “Türkmenistanyň iň günorta nokady bolan Pendi düzlügi özüniň aýdymlary we täsin juk-juk usullary bilen şöhrat gazanandyr. Medeniýetiň bu ojagy halk ýerine ýetirijiliginiň Kör Gojaly, Gurban bagşy, Garly bagşy Ilamanow hem kiçi Garly Soltanow, Amansähet bagşy we onuň ogly Nobat bagşy ýaly,  ussatlary bilen meşhurlyk gazandy. Olaryň aglabasy hem-ä aýdym aýtmak sungatyny, hemem dutary ussatlyk bilen çalmagy kämil derejede ele alypdyrlar. Türkmen bagşylarynyň bu ugrunyň wekillerine aýdym başlangyjynyň agdyklyk etmegi häsiýetlidir. Saz eserleriniň aglabasynyň esasyna aýdym heňleri goýlandyr”. 
Şu toprakda önüp-ösen belli dessançy bagşylaryň biri-de Rozy Öwezmyradowdyr. Bagşy Rozy Öwezmyradow 1911-nji ýylda Tagtabazar etrabynyň Erden obasynda doglupdyr. Ol şol obada ýaşaýan Seýit Musa diýen kişä ogullyk berlipdir. Seýit Musa sowatly, kitaphon adam bolupdyr. Onuň öýünde baý kitaphanasy bar eken. Şol kitaplaryň arasynda taryhy, halk döredijiligine degişli, edebiýata dahylly onlarça kitap saklanýan eken. Rozy bagşy hat-sowady hem halypasy Seýit  Musadan öwrenipdir. Ol türk, arap, pars dillerinde ýazyp, okap bilýän adam bolupdyr.
Rozy bagşy on ýaşdan geçenden soň, olaryň maşgalasy Tagtabazardan Ýolötene göçüp barypdyr. Bu ýerde ol Öwezdurdy Welmämmet, Ýazguly kyssaçy ýaly ady belli bagşylardan aýdym-saz, dessanlaryň birnäçesini öwrenip, toý-märekelere gatnaşypdyr, dutar çalmaga ökdeläpdir, halypa olardan ak pata alypdyr.
Ýaş bagşy halypalarynyň yzyna düşüp, ilki-ilkiler Nurmuhammet Andalybyň dessanlaryndan aýdymlary, soňra bolsa ýuwaş-ýuwaşdan beýleki dessanlary aýdyp başlapdyr. Dessan aýdanda çeper sözleri ezberlik bilen ulanyp, dessançy halypa bagşylaryň aýdyş ussatlygyny has-da belent derejä galdyrypdyr. Onuň üýtgeşik labzy bolup, ol aýdymlary sünnäläp aýtmagy hem başarypdyr. Ol saz çalmagyň hem ussady bolupdyr.
Rozy bagşy “Hatam taý” we “Ybraýym Edhem” dessanlarynyň arap elipbiýinde ýazylyp, türkmençä geçirilen nusgalaryny ilkinji gezek halypasy Seýit Musadan öwrenip, diňleýjilere ýetiripdir.
Dessançy bagşy barha kämilleşipdir. Halypalaryndan öwrenen dessanlaryna özüçe çemeleşip, gaýtadan işläp, olary märekä görä aýdypdyr, gerek ýerinde käbir sözleri we sözlemleri ýüzugra goşupdyr. Dessan aýdanda çeper suratlandyrmalary, meňzetmeleri, ulaltmalary ulanyp, diňleýjileriň ýaş aýratynlyklaryna görä, dessanlardaky gahrymanlaryň hut özi bolup çykyş etmegi başarypdyr. 
Meşhur bagşy “Ýusup — Ahmet”, “Ybraýym Edhem”, “Hatam taý”, “Babaröwşen”, “Soltan Söýün Baýkara” we başga-da ençeme dessanlary ussatlyk bilen ýerine ýetiripdir.
Rozy bagşy ençeme şägirt hem ýetişdiripdir. Şolaryň biri-de meşhur bagşy Bazar Sähedowdyr. Bagşy Bazar Sähedow özüniň meşhur “Ol ýylan” aýdymyny hem Rozy bagşydan öwrenipdir. Ýolötenli bagşy Hezret Çary hem “Hatam taý”, “Muhammet Hanapyýa”, “Ybraýym Edhem” ýaly dessanlary Rozy bagşydan öwrenipdir.
Rozy bagşy öz şägirtlerine aýdym-sazyň inçe syrlaryndan daşary edep-terbiýäni örän berk öwredipdir hem-de: “Nirä toýa barsaňyz hem şol ýerde toý sowgadyna garaşmazdan, joşup, aýdym-saz edip, halkyň hormatyny gazanyň! Şeýle bolanda halk arasynda siziň abraýyňyz örän uly bolar” diýipdir.
Halypa bagşynyň esasy şägirtlerinden biri hem meşhur dessançy, Türkmenistanyň halk bagşysy Gurt Ýakubowdyr. 1952-nji ýylda Gurt Ýakup öýlenende Rozy bagşy şol toýuň bagşysy bolupdyr. Şonda                    halypa-şägirt aýdymdyr dessan aýdypdyr. Şondan soň Rozy bagşy Gurt Ýakuby ýanyna alyp, toý-märekelere äkidipdir. Gurt Ýakup halypasyndan aýdymlary we dessanlary yzygiderli öwrenipdir.
Bütin durky bilen aýdym-saza, sungata ýugrulan, il-gününe halal gulluk edip, bahasyna ýetip bolmajak miras goýan Rozy bagşy 1984-nji ýylyň 21-nji aprelinde dünýeden gaýdýar. Bu günki günde onuň dessançylyk ýoly şägirtleri tarapyndan dowam etdirilýär.
Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda aýdym-saz sungatynyň halypa-şägirtlik ýoluna örän uly mümkinçilikler döredip berdi. Biz türkmen aýdym-sazyna uly hormat goýup, halypa-şägirtlik ýoluna giň ýol açan      Gahryman Arkadagymyza, peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly                                                           Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýarys.
Akmyrat REJEPGULYÝEW.

0
0 05.07.2026
Saz-söhbetli dabara geçirildi

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Mary welaýat  komitetiniň hem-de Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesiniň bilelikde gurnamaklarynda “Garaşsyz,baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylyna we ýurdumyzyň ösüşlerine bagyşlanyp saz-söhbetli dabara geçirildi. Bu dabaradaky çykyşlarda Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzda gazanylýan beýik ösüşler, milli mirasymyza goýulýan sarpa we erkana, asuda watanymyzda her bir ýylyň mynasyp atlandyrylyşy, üstümizdäki ýylyň hem behişdi bedewlerimiz bilen baglanyşdyrylmagynda çuňňur many-mazmunuň barlygy dogrusynda aýratyn durlup geçildi. Şeýle hem ýurt Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk toýuna görülýän taýýarlyk işleri we bu baýramy zähmet üstünliklerine beslemek bilen bagly gürrüňler hem dabarada edilen çykyşlaryň içinden eriş-argaç bolup geçdi. Bu ýerde welaýatyň medeniýet müdirliginiň döredijilik işgärleriniň döwrebap aýdym – sazly çykyşlaryna-da uly orun berildi. Asuda, parahat, erkana  Watanymyzy, agzybir halkymyzy hem-de “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylyny wasp edýän aýdymdyr-sazlar dabara gatnaşanlaryň buýsançly kalbyny belende göterip, olara egsilmejek ruhy-lezzet paýlady. Merjen Çaryýarowa

0
0 05.07.2026
Şowhuna beslenen dabara

         Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda Mary welaýatynda hem “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – Bedew batly at-myradyň mekany” ýyly mynasybetli dürli medeni köpçülikleýin çärelere giň orun berilýär. Murgap etrap häkimliginiň hem-de etrap medeniýet bölüminiň bilelikde guramaklarynda geçiren dabarasy hem uly ruhubelentlige beslendi. Etrabyň Medeniýet öýünde geçirilen dabara etrabyň köp sanly ýaşaýjylary we medeniýet işgärleri gatnaşdylar. Bu ýerde medeniýet we sungat ussatlary özleriniň ýörite taýýarlan aýdym-sazly çykyşlaryny gurnadylar. Belent heňlerde ýaňlanan aýdym-sazlar dabara gatnaşýanlaryň göwünlerini galkyndyrdy. Ýerine ýetirilen çykyşlarda Hormatly Prezidentimiziň rowaç işleri, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwri, şeýle-de dost-doganlyk wasp edildi. Ýokary ruhubelentlikde geçirilen bu dabara oňa gatnaşanlarda ýatdan çykmajak täsirler galdyrdy. Dabaranyň ahyrynda dabara gatnaşanlar türkmen medeniýetiniň şan-şöhradyny äleme ýaýmakda alyp barýan giň gerimli işleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Parahat Gurbanow

80
80 02.07.2026
Döwrebap taslamalar, elýeterli bahalar

     Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Milli ykdysadyýetimiziň hususy ulgamyny ösdürmek, häzirki zamanyň bazar usullaryny giňden ornaşdyrmak, telekeçilik başlangyçlary gollamak bilen halkymyzyň ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli we döwrebap mebel önümlerine bolan islegleri barha artýar. Mary welaýatynyň Mary şäherinde ýerleşýän “Ussat mebel” haryt nyşanly mebel önümleri hususy kärhanasy hem “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan- bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda dürli görnüşli mebel önümlerini öndürmekde netijeli işleri alyp barýarlar. Ýurdumyzda telekeçiligiň ösmegi üçin döredilýän mümkinçiliklerdir, amatly şertlerden peýdalanyp zähmet çekýän Mary welaýatynyň Mary şäherinde ýerleşýän “Ussat mebel” haryt nyşanly hususy kärhanasynyň hünärmenleri halkymyzyň mebel önümlerine bolan isleglerini kanagatlandyryp, döwrebap mebelleri öndürmekde netijeli işleri alyp barýarlar. Agaç önümlerini timarlaýjy, kesiji, bantlaýyjy we bezeg işlerini ýerine ýetiriji Türkiýanyň ösen, kämil enjamlaryň tejribeli agaç ussalary tarapyndan sazlaşykly işledilmegi netijesinde müşderileriň ösen talaplaryna laýyklykda her günde dürli görnüşli, dürli ölçegdäki mebel önümleriniň birnäçesi taýýarlanylýar. Kärhanada eli hünärli agaç ussalarynyň taýýarlaýan mebel önümleriniň hatarynda häzirki zamanyň talaplaryna laýyk gelýän döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň myhmanhana, aşhana we iş otaglary hem-de çagalar otaglary üçin niýetlenen mebelleri, dürli ölçegdäki ýumşak mebelleri, edara – kärhanalar üçin taýýarlanan ýörite mebelleri görkezmek bolar. Bu mebeller ösen tehnologiýalar arkaly kärhananyň ussat hünärmenleri tarapyndan döwrebap taslamalar taýýarlanyp, müşderileriň sargytlary esasynda ýerine ýetirilýär. Sargytlar arkaly öndürilen mebeller kärhananyň ýurdymyzyň ähli welaýatlaryna eltip, gurnap bermek hyzmaty hem ýola goýulan. Eýýäm 11 ýyldan gowyrak wagt bäri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň telekeçilere döredip berýän giň mümkinçiliklerinden ruhlanyp halkymyza ýokary hilli mebel önümleri bilen hyzmat edip gelýän bu kärhanada öndürilýän mebeller elýeterli bahalardan hödürlenýär. Bäsleşige ukyply harytlar bolmak aýratyn tapawutlanýan bu önümleriň harytlyk çig mallaryň esasy bölegi öz ýurdymyzdan we daşary ýurtlardan hem sargytlar arkaly getirilýär. Kärhananyň ussat ussalary bir aýda 195 kwadrat metr çig maly işläp önüm öndürmekde netijeli zähmet çekýärler. Bu kärhanada esasan ýaşlaryň zähmet çekmegi hem Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlara işlemäge, dürli kärlerde zähmet çekmäge döredip berýän giň mümkinçilikleriniň aýdyň nyşanydyr. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan- bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda has-da joşgunly zähmet çekýän hususy kärhananyň işçileri halkymyzyň ösen isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen şu günler mebel önümleriniň has döwrebap, täze görnüşlerini öndürmegiň üstünde işleýärler. Işewür telekeçiler özleri üçin döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem hoşallyk sözlerini aýdýarlar. Azat Beglanow.

79
79 02.07.2026
,,Gülüň owadan“  atly bäsleşiginiň Mary welaýaty boýunça tapgyry geçirildi

       Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň milli merkeziniň, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariatynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň çeper elli, zähmetsöýer zenanlarynyň arasynda yglan eden  ,,Gülüň owadan“  atly bäsleşiginiň Mary welaýaty boýunça geçirilen tapgyry hem göwün göteriji duýgulara baý bolup, ol egsilmeýän ýokary ruhubelentlige beslendi. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Mary welaýat Zenanlar bölüminiň guramagynda Mary şäherindäki “Bagt köşgi” dabaralar merkezinde geçirilen bäsleşigiň bu tapgyryna welaýatyň ähli etrapdyr şäherlerinden gelen, bäsleşigiň deslapky tapgyrlarynda ýeňiji bolan çeper elli zenanlaryň uly topary gatnaşdy. ,,Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda guramaçylykly geçirilen bu bäsleşigiň dowamynda gollary hünärli zenanlar asyrlardan asyrlar aşyp, öz milliligini ýitirmän häzirki döwre gelip ýeten, türkmen halkynyň öýleriniň bezegine öwrülen türkmen keçesini taýýarlamakda öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Bäsleşigiň talabyna laýyklykda oňa gatnaşan zenanlar ajaýyp döwrümiziň gözel tebigatyny suratlandyrýan täze nagyşly, türkmen milli keçelerini taýýarlamak işleriniň ýagny, ýüň saýmak, saýlamak, boýamak, daramak, keçe gamşyny dokamak, keçe güllemek we basmak ýaly ýerine ýetirilýän pursatlaryny görkezmek we olary çeper dilde wasp etmek ýaly şertler boýunça özara bäsleşdiler. Şeýle hem türkmen keçesiniň gülleriniň aýratynlygy hem-de keçe önümleri bilen baglanyşykly taryhy maglumatlary, gyzykly rowaýatlary gürrüň bermek arkaly gazallary, aýdyşyklary ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Bu ýerde zenan dünýäsine mahsus el işlerinden, owadan nagyşly keçelerden, haly we haly önümlerinden, gyz-gelinlerimiziň bezegi bolan milli şaý-seplerde guralan baý sergi hem dabara özboluşly öwüşgin çaýdy. Diýseň gyzykly we ýokary ruhubelentlikde geçirilen bu bäsleşikde ýeňiji bolanlar Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesiniň ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandylar we olar bäsleşigiň döwlet derejesinde geçiriljek jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Bäsleşige gatnaşan zenanlar halkymyzyň milli mirasyny ösdürmekde ägirt uly işleri amala aşyrýan we türkmen zenanlaryna döredijilikli zähmet çekmeklige giň şertleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna hoşallyk sözlerini aýtdylar.    Merjen Çaryýarowa.

127
127 27.06.2026
Dabaraly maslahat geçirildi

     Ýurdumyzda giňden bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlanyp Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesiniň, Demokratik partiýanyň welaýat komitetiniň hem-de welaýat medeniýet müdirliginiň bilelikde gurnamagynda dabaraly maslahat geçirildi. ,,Medeniýet milletiň döredijilik kuwwatydyr” diýen at bilen geçirilen bu dabaraly maslahatda çykyş edenler Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda  ýurdumyzda medeniýet ulgamynyň ösdürilişi, bu ugurda zähmet çekýän sungat işgärlerine döredilýän ajaýyp şertler, türkmen medeniýetiniň döwrebaplylygy hem-de halypa-şägirtlik ýolunyň ösdürilişi dogrusynda buýsançly bilen bellediler. Bu ýerde sungat ussatlary hem çykyş edip özlerine döredijilikli zähmet çekmäne döredilýän giň mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşly sözlerini beýan etdiler. Dabaraly maslahatyň dowamynda medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlaryna uly orun berildi. Belentden ýaňlanan her bir şirin aýdymdyr-mukamlarda  eziz Watanymyzyň ösüşleri, beýik söz ussady bolan Magtymguly Pyragynyň döredijiligi hem-de Hormatly Prezidentimiziň türkmen medeniýetini dünýä ýaýmakda alyp barýan belent maksatly işleri giňden wasp edildi. Merjen Çaryýarowa.                                            

97
97 27.06.2026
Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlanyldy

      Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Mary welaýat häkimliginiň, welaýat Medeniýet müdirliginiň hem-de welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde gurnamaklarynda geçirilen aýdym-sazly dabara hem ýokary ruhubelentlige beslendi. “Türkmeniň Ak öýi” binasynyň öňündäki bezelen toý meýdançasynda gurnalan bu dabara il sylagly ýaşulular, kümüş saçly mährem eneler, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, medeniýet hem sungat işgärleri, ýazyjy – şahyrlar, bilim, saglygy goraýyş, sport ulgamlarynyň wekilleri, talyp ýaşlar we köpsanly bagtyýar ýaşaýjylar uly rububelentlikde gatnaşdylar. Bagtyýarlyk ruhuna beslenen bu dabarada welaýatyň medeniýet – sungat ussatlary we  bagşy – sazandalary, estrada aýdymçylary özleriniň döwrebap çykyşlary, aýdym – sazlary bilen toý mähellesiniň göwünlerini göterdi. Toý meýdançasynyň bezelen sahnasynda çykyş eden sungat ussatlarynyň  hoş owazly aýdym – sazlarynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy dünýä ýüzünde dabaralandyrýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de peder ýoluny üstünlikli dowam edýän Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan rowaç işleriniň, bagtyýar döwrümizde giňden bellenilýän toý – baýramlaryň şatlygy, halkymyzyň asuda we parahat durmuşy uly joşgun bilen wasp edildi. Tans hem-de folklor toparlaryň ussatlyk bilen janlandyran folklor eserlerinde, ajaýyp tanslarynda milli ýol – ýörelgelerimize belent sarpa goýýan türkmen halkymyzyň däp – dessurlary aýratyn şöhlelendirildi. Göwün göteriji bu dabaranyň dowamynda Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň artistleriniň görkezen edebi sazly kompozisiýasy hemmelerde şatlyk-şowhun döredip, baýramçylygyň dabarasyny artdyrdy. Şatlyk – şowhun bilen ýerine ýetirlen her bir çykyş dabaranyň şowhunyny artdyryp, halkymyzyň bagtyýar ertiriniň aladasyny edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlar bolup ýaňlandy. Dabaranyň ahyrynda dabara gatnaşyjylar her bir güni ösüşlere beslenýän bagtyýar döwrümizde milli medeniýetimize we sungatymyza belent sarpa goýýan, döredijilik işgärlerine ähli mümkinçilikleri döredip berýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, alyp barýan işleriniň diňe rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuwladylar. Dursun Ilbegiýewa.

81
81 27.06.2026
Magtymguly Pyragynyň heýkeline gül goýmak dabarasy boldy

           Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli geçirilen dabaralar ýurdumyzyň Mary welaýatynda-da ýokary ruhubelentlige beslendi. Bu şanly senä bagyşlanyp Gündogaryň Beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň Mary şäheriniň iň bir gözel künjeginde oturdylan nurana heýkeliniň öňündäki toý meýdançasynda hem baýramçylyk dabarasy geçirildi. ,,Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan, bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda tutumy uludan tutulan bu baýramçylyk dabarasynyň başy akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň heýkeline gül goýmak çäresinden başlandy. Welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, medeniýet hem sungat işgärleri, talyp ýaşlar, şahyryň pähim – paýhasyna, gymmatly edebi mirasyna çuňňur sarpa goýýan dürli ýaşdaky, dürli kärdäki adamlar heýkeliň öňüne ter gül desselerini goýup, tagzym etdiler. Baýramçylyk mynasybetli guralan bu medeni çäre ady äleme dolan beýik ynsanyň gymmatly eserlerine welaýatyň ilatynyň belent hormat – sarpa goýýandygynyň aýdyň alamatyna öwrüldi. Merjen Çaryýarow.

85
85 27.06.2026
Aýdym-sazly dabara geçirildi

Ýurdumyzda giňden bellenilýän medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Mary welaýatynyň Ýolöten etrap häkimliginiň,Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşygynyň Milli merkeziniň we etrap medeniýet bölüminiň bilelikde guramaklarynda aýdym-sazly dabara geçirildi.Ýolöten şäheriniň  döwrebap Medeniýet öýünde geçirilen bu dabara etrabyň medeniýet ulgamynda zähmet çekýän bagtyýar raýatlary gatnaşdylar. Dabaranyň dowamynda etrabyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly, hoş owazly çykyşlaryna we döwrebap tanslara giň orun berildi. Dabaradaky ýürekleri joşduran şirin mukamlaryň ählisi halkymyza baky bagtyýarlygy bagyş eden Türkmen Halkynyň Milli Liderimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna tüýs ýürekden çykýan alkyş sözleri bolup ýaňlandy.Berkarar döwlerimiziň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe milli medeniýetimizi ösdürmek, ony dünýä ýaýmak barada edýän taýsyz tagallalary üçin Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna tüýs ýürekden çykýan alkyş sözlerini beýan etdiler. Maýa Annameredowa

86
86 27.06.2026
Muzeýe gezelenç edildi

    “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda, öz gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan milli medeniýetimizi we sungatymyzy dünýä tanatmakda nusga alarlyk işler alynyp barylýar. Ýurdumyzda giňden bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Türkmenisanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary welaýat we Şatlyk şäher birleşmeleriniň, hem-de Mary welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň bilelikde guramaklarynda “Arkadagly Diýarymyň medeni mirasy bakydyr” atly gezelenç gurnaldy. Halkymyzyň ruhy ahlak gymmatlyklaryna, milli medeniýetine, däp-dessuryna daýanyp, ýaş nesillerde milli gymmatlyklarymyza bolan söýgini artdyrmakda-da birnäçe işler durmyşa geçirilýär. Gezelenjiň dowamynda oňa gatnaşan köp asyrlyk taryhymyz bilen ýakyndan tanyşdylar. Olar özleriniň birnäçe gyzyklanýan soraglaryna jogap tapdylar. Gezelenje gatnaşanlar milli medeniýetimizi, taryhy geçmişimizi öwrenmäge we dünýä ýaýmaga nusgalyk işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem hoşallyk sözlerini beýan etdiler.  Maýa Annameredowa.

252
252 12.06.2026
Bedew batly Watanym

Etrap häkimliginiň, TDP-niň etrap komitetiniň, TKA-nyň etrap birleşmesiniň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň bilelikde guramagynda şäher medeniýet öýünde “Bedew batly Watanym” ady bilen maslahat geçirildi. Maslahata etrap häkimliginiň hünärmenleri, syýasy partiýanyň we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri we işjeň agzalary gatnaşdylar. Maslahatda TDP-niň etrap komitetiniň başlygy, etrap halk maslahatynyň başlygy Toýly Anyşow, TKA-nyň etrap birleşmesiniň başlygy Rozymuhammet Artykow, TDP-niň etrap komitetiniň partiýa guramaçysy Şasenem Röwşenowa çykyş etdiler. Çykyş edenler mukaddes Garaşsyzlygymyzyň saýasynda gazanylan ajaýyp ösüşler, ýetilen belent sepgitler, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylymyzyň her bir gününiň şanly wakalara beslenýändigi dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler. Merjen MEJYÝEWA.

241
241 11.06.2026
Welaýat saýlaw topary täzeden döredilýär

Döwlet Baştutanymyzyň amala aşyrýan giň gerimli özgertmeleriniň netijesinde, syýasy ulgamy has-da kämilleşdirmäge, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli taraplaryny demokratiýalaşdyrmaga aýratyn orun berilýär. Ýurdumyz bu günki gün demokratik ýörelgeleri çuňlaşdyrmak ýoly bilen öňe ynamly gadam urýar. Demokratik şertleriň çäklerinde ýurdumyzda her bir raýatyň saýlaw hukuklarynyň üpjün edilmegine hem uly üns berilýär. Ýurdumyzda saýlawlar Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda guramaçylykly geçirilýär. Raýatlaryň saýlaw hukuklarynyň kepillikleriniň kanunalaýyk üpjün edil-meginde ýurdumyzda hereket edýän saýlaw toparynyň möhüm ähmiýeti bardyr.  Mälim bolşy ýaly, welaýat saýlaw toparynyň ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanmagy sebäpli, welaýat saýlaw toparynyň täze düzümini döretmek işleri Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, tassyklanylan meýilnama esasynda amala aşyrylýar. Welaýat saýlaw toparlary Merkezi saýlaw topary tarapyndan 9 — 13 agzadan ybarat düzümde döredilýär. Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 18-nji maddasyna laýyklykda, welaýat saýlaw toparlarynyň düzümine wekiller syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, welaýat, etrap, şäher guramalarynyň mejlislerinde, raýatlaryň toparlarynyň ýygnaklarynda hödürlenildi. Raýatlar toparlary tarapyndan saýlaw toparynyň düzümine wekil hödürlemek boýunça raýatlaryň ýygnagyna degişli etrabyň, şäheriň çäginde ýaşaýan saýlaw hukukly raýatlar gatnaşdylar. Welaýat saýlaw toparynyň düzümine wekil hödürlemäge bagyşlanan mejlislerde we ýygnaklarda saýlaw toparynyň düzümine hödürlenilýänleriň çäklendirilmedik sany ara alnyp maslahatlaşyldy. Her mejlisde we ýygnakda welaýat saýlaw toparynyň düzümine kanunalaýyklykda diňe bir wekil, özi hem il içinde uly abraýdan peýdalanýan, guramaçy, işbaşarjaň adam hödürlenildi. Welaýat saýlaw toparynyň düzümine saýlanan agzalar geljek bäş ýylyň dowamynda geçiriljek saýlawlaryň guramaçylykly geçirilmegine işjeň gatnaşarlar.  Gulälek GURBANGULYÝEWA.

341
341 19.05.2026
Döwletimiziň mukaddes nyşanlary

Döwlet nyşanlarymyzy we Baş Kanunymyzy sarpalamak, olaryň many-mazmunyny ýaş nesilleriň kalbyna siňdirmek maksady bilen welaýat kitaphanasynyň kiçi mejlisler zalynda welaýat kitaphanasynyň hem-de Türkmengala etrap merkezi kitaphanasaynyň bilelikde guramagynda «Döwletimiziň mukaddes nyşanlary» atly maslahat geçirildi. Oňa kitaphanaçylar, harby gullukçylar, welaýatyň «Marguş» çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň çagalary, Mary şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 11-nji we 23-nji orta mekdepleriň okuwçylary gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda belent sepgitleri we watançylyk ýörelgelerini öz içine alýan birnäçe gymmatly çykyşlara giň orun berlip, onda Türkmengala etrap merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy Oguljan Paýzyýewa, Türkmenistanyň Döwlet Serhet gullugynyň serkerdesi Merdan Muhamow, welaýat kitaphanasynyň kitaphanaçysy Göwher Ataýewa çykyş etdiler. Olar parahatçylygyň we durnuklylygyň nyşany bolan Döwlet baýdagymyza goýulýan sarpanyň ýokarydygy, onuň giň many-mazmuna eýedigi, Baş Kanunymyzda bellenilýän her bir maddanyň halkymyzyň bähbidine gönükdirilendigi hakynda giňişleýin gürrüň etdiler.  Maslahatyň dowamynda «Marguş» çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň «Ýaş jahankeşde» gurnagynyň ýolbaşçysy Gülnar Meredowanyň okuwçylarynyň döwlet nyşanlarymyzy, asuda we bagtyýar durmuşymyzy wasp edýän şygyrlary labyzly we joşgunly okap bermekleri gatnaşyjylaryň ählisinde ýakymly ýatlamalary galdyrdy. Merjen ATAÝEWA.  

333
333 19.05.2026
Ýaşyl tugy täç edinip, öňe barýar eziz Watan!

 Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanylyp, TAP-nyň welaýat, Mary şäher komitetleriniň bilelikde guramagynda  TKA-nyň welaýat birleşmesiniň mejlisler zalynda “Ýaşyl Tugy täç edinip, öňe barýar eziz Watan!” ady bilen maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalary, TAP-nyň welaýat, şäher komitetleriniň işgärleri gatnaşdylar.  Maslahatda TAP-nyň welaýat komitetiniň bölüm müdiri Güljemal Nazarowa, TKA-nyň Şatlyk şäher birleşmesiniň başlygy Gurbanmuhammet Babaýew, TAP-nyň Murgap etrap komitetiniň hünärmeni Näzik Mukymowa çykyş etdiler. Çykyş edenler eziz Watanymyzyň her bir gününiň toý-baýramlara beslenýändigi, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni  mynasybetli geçirilýän  baýramçylyk çäreleriniň ýurdumyzyň ähli ýerinde giňden dabaralanýandygy dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler.  Mähriban MUHAMMETMYRADOWA.  

313
313 19.05.2026
Goşa baýramyň joşguny

“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň şanly senesi bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni uly şatlyk-şowhuna beslendi. Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, bu baýramçylygyň dabarasy biziň welaýatymyzda-da giňden ýaýbaňlandyryldy. Mary şäherindäki Baş baýdak meýdançasy ir säherden köp adamly boldy. Toý lybasly meýdançadaky ýaşyl Baýdaklaryň buýsançly görnüşi dabaranyň şowhunyny has-da artdyrdy. Bu sene mynasybetli bu ýere ýygnanan adamlaryň ruhubelentligi dabara baýramçylyk öwüşginini çaýdy.  Baýramçylyk mynasybetli Döwlet baýdagyny galdyrmak dabarasyna welaýat häkimliginiň ýolbaşçylary, şäher, etrap häkimleri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de ýaşuly nesliň wekilleri we ýaşlar gatnaşdylar. Dabarada Marynyň Ýolaman Hummaýew adyndaky ýörite sazçylyk mekdebiniň talyplarynyň ýerine ýetirmeklerinde Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlandy we buýsançly owazyň astynda Döwlet baýdagy galdyryldy. Baýdak galdyrmak dabarasynda welaýatyň häkimi Döwranberdi Annaberdiýew, Sakarçäge etrabynyň ýaşaýjysy Tuwakmyrat Jumaýew, welaýat statistika müdirliginiň bölüm başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Jumageldi Ataýew, welaýat halk maslahatynyň başlygy Maksat Atajanow çykyş etdiler. Çykyş edenler dabara gatnaşyjylary Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni bilen mähirli gutladylar. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän giň möçberli işler, ýetilen sepgitler dogrusynda buýsançly gürrüň etdiler. Soňra bu dabara aýdym-sazly çykyşlara utgaşdy. Welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary, tansçylaryň şowhunly tanslary baýramçylyk dabarasynyň şatlyk-şagalaňyny artdyrdy. Aýparça AKYMOWA.

323
323 19.05.2026
Mukaddesliklere goýulýan belent sarpa

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli Türkmenistanyň Agrar Partiýasynyň Mary welaýat we Mary şäher komitetleriniň hem-de Mary  welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň bilelikde gurnamaklarynda terbiýeçilik ähmiýetli, wagyz – nesihat çäresi geçirildi. Bu dabara Türkmenistanyň Agrar Partiýasynyň welaýat, şäher, etrap komitetleriniň işgärleri we işjeň agzalary we muzeý işgärleri uly ruhubelentlikde  gatnaşdylar. Dabaranyň dowamynda çykyş edenler beýik özgertmeleriň we ösüşleriň ýoly bilen öňe barýan eziz ýurdumyzda  ynsanperwerlik, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşyçylyk ýörelgelerini öňe sürýän Arkadagly Gahryman  Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda Konstitusiýamyza we Döwlet baýdagymyza belent sarpa goýulýar we bu goşa baýramyň Diýarymyzda ýokary ruhubelentlikde bellenilmegi halkymyzy täze ýeňişlere ruhlandyrýan diýip uly buýsanç bilen belläp geçdiler. Şeýle-de  Hormatly Prezidentimiziň döwletli baştutanlygynda halkymyzyň milli öwüşginli medeni mirasyny  goramak, aýawly saklamak we muzeýleşdirmek işleriniň üstünlikli alnyp barylýandygyny we  ýurdumyzda hereket edýän döwlet muzeýlerindäki gadymy türkmen taryhynyň öçmez syrlary bolan milli medeni gymmatlyklarymyzyň, taryhy tapyndylarymyzyň sanynyň barha artýandygyny aýratyn nygtap geçdiler. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda halkymyzyň geçmiş taryhyny, milli mirasyny gorap, geljekki nesillere miras goýmak, muzeý gymmatlyklarynyň üsti bilen Watanymyzyň şöhratly taryhyna söýgi döretmek, şeýle-de, muzeý hünärmenleriniň hünär ussatlygyny kämilleşdirmek dogrusynda täsirli gürrüňler edildi. Dabara gatnaşan bagtyýar adamlar asudalygyň we bagtyýarlygyň nyşany bolan, parahatçylyk we adalatlylyk baradaky milli düşünjeleri özünde jemleýän  Konstitusiýamyz,  dostlugymyzyň we hoşniýetliligimiziň nyşany hökmünde ýer ýüzünde belentde pasyrdaýan Döwlet baýdagymyz biziň milli guwanjymyzdyr, dünýä ýaň salýan abraýymyz we mertebämizdir diýip ýürek buýsançlaryny belläp geçdiler. Dabara gatnaşanlar halkymyzyň medeni mirasyny  goramak, aýawly saklamak we geljekki nesillere miras goýmak ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag bolmagyny, ömrüniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwlet ähmiýetli işleriniň diňe rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuwladylar. Aýnabat Annagurbanowa.

332
332 19.05.2026
Okuw maslahaty geçirildi.

    Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesiniň gurnamagynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli okuw maslahaty geçirildi.Okuw maslahatyna Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň welaýat çäk birleşmeleriniň,pudaklaýyn geňeşleriniň we ilkinji guramalarynyň ýolbaşçylary,bölüm müdirleri,hünärmenleri gatnaşdylar. Bu ýerde çykyş eden adamlar maslahata gatnaşanlary Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli gutladylar.Şeýle-de Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan il-ýurt bähbitli syýasatlaryny wagyz etmekde,ilkinji guramalaryň alyp barýan işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmakda durmuşa geçirilýän işler dogrusynda durup geçdiler. Kärdeşler Arkalaşygy guramalaryna täze iş usullaryny ornaşdyrmak, iş  tejribesini alyşmak barada hem aýratyn nygtalyp geçildi.Okuw maslahatyna gatnaşanlar Kärdeşler Arkalaşyklarynyň işlerini özgertmekde amala aşyrýan işleri üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar. Çarymuhammet Saparow.

320
320 19.05.2026
Baýdagymyz-başymyzyň täjidir, Kanunymyz-kalbymyzyň güýjidir

    “Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at myradyň mekany” ýylynda Türkmenistanyň döwlet energetika institutynda, “Türkmenistanyň konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni” mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşi we şäher, etrap Geňeşleri hem-de Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň bilelikde guramaklarynda  “Baýdagymyz-başymyzyň täjidir, Kanunymyz-kalbymyzyň güýjidir” atly aýdym-sazly maslahat duşuşygy geçirildi. Duşuşyga ýaşlar guramasynyň Mary welaýat geňeşiniň işgärleri, institutyň professor mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar. Maslahatda çykyş edenler “Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at myradyň mekany” ýylynda ýurdumyzda alynyp barylýan işler we Garaşsyzlyk ýyllary içinde milli ykdysadyýetimizi ähli taraplaýyn ösdürmekde Esasy Kanunymyzyň  ähmiýeti we Watanymyzyň asudalygynyň, jebisliginiň, erkana ýaşaýşymyzyň nyşany hökmünde belentde parlaýan ýaşyl Tugumyzyň mukaddesligi dogrusynda giňişleýin gürrüňler etdiler. Maslahata gatnaşanlar il-ýurt bähbitli uly işleri durmuşa geçirýän, Watanymyzyň halkara abraýyny belende göterýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar. Şeýle-de bu ýerde talyp ýaşlaryň aýdym-sazly çykyşlaryna-da uly orun berildi. Nurjahan Mämmedowa.

308
308 19.05.2026
Konstitusiýanyň we Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanan dabaraly maslahat

   Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda türkmen halkymyz ösüşlerden ösüşlere barýar. Her bir günümiz toý – baýramlara, şanly wakalara beslenýär. Her ýyl Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni uly dabaralar bilen bellenip geçirilýär. Şu goşa mukaddeslige bagyşlanyp Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Mary welaýat, Mary, Baýramaly şäher, Oguzhan, Mary, Wekilbazar, Sakarçäge, Baýramaly, Garagum, Türkmengala, Ýolöten, Murgap etrap komitetleriniň we welaýat Baş bilim müdirliginiň bilelikde gurnamagynda “Parahatlyk nyşany sen baýdagym, adalat Kanunym köňül aýdymym” atly dabaraly maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat, şäher, etrap Halk Maslahatynyň agzalary, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Mary welaýat, şäher, etrap komitetleriniň işgärleri we işjeň agzalary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Bu maslahatda edilen çykyşlarda Diýarymyzyň Garaşsyzlygyny, hemişelik Bitaraplygyny pugtalandyrmakda, raýatlarymyzyň hukuklaryny kepillendirmekde, milli ykdysadyýetimizi ähli taraplaýyn ösdürmekde Esasy Kanunymyzyň orny we ähmiýeti barada giňişleýin gürrüň edildi. Bu ýerde çykyş edenler Watanymyzyň asudalygynyň, jebisliginiň, erkana ýaşaýşymyzyň nyşany hökmünde belentde parlaýan ýaşyl Tugumyzyň mukaddesligi dogrusynda hem buýsançly söhbet etdiler. Maslahata gatnaşanlar il-ýurt bähbitli uly işleri durmuşa geçirýän, Watanymyzyň halkara abraýyny belende göterýän Hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş we hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Nabat Atajanowa.

1799
1799 11.05.2025
Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

1607
1607 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

1859
1859 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

1804
1804 04.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

1744
1744 03.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

2052
2052 02.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

1562
1562 01.05.2025
Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

1851
1851 12.04.2025
Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Mahabat

Copyright © merw-news.com 2026 | Ähli hukuklar goragly.