Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň kabul eden Kararnamalarynyň üçüsi bilen ykrar edilen Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy taryhy ähmiýete eýedir. Döwletimiziň Bitaraplyk hukuk derejesi döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan öňdengörüjilikli daşary syýasatynyň özenini düzýär. Şu syýasatyň netijesinde döwletimiz parahatçylygy, ynanyşmagy pugtalandyryp, döwletleriň arasynda deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň giňeldilmeginiň tarapdary bolup çykyş edýär. Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty halkara abraýynyň ýokarlanmagyna netijeli täsirini ýetirýär.
Parahatçylyk hakynda gürrüň açylanda Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden dörän “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” atly ajaýyp goşgusyndaky:
Parahatlyk geljege iň mukaddes mirasdyr —
— diýen setiri ýadyňa düşýär. Hakykatdanam, parahat, asuda, abadan durmuş geljekki nesillere iň mukaddes mirasdyr. Şonuň üçinem döwlet Baştutanymyzyň yzygiderli tagallalary bilen bütin dünýäde parahatçylygyň, ynanyşmagyň pugtalandyrylmagy ugrunda tutumly işleriň bady artýar. Çünki, durnukly ösüş ýoly gözbaşyny parahatçylykdan alyp, abadan geljegimiziň ygtybarly kepili bolup hyzmat edýär.
Bilşimiz ýaly, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyna 30 ýyl dolýar. Şu taryhy senä taýýarlyk işleri giň gerime eýe bolýar. Halkara derejesinde toýy uludan tutuljak bu taryhy sene Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň şan-şöhratly taryhyna altyn harplar bilen ýazylar.
Atamyrat KÖSSEKOW.








