Biziň ata-babalarymyz, örän şahandaz, adamkärçilikli, bir-birine sarpa goýýan sylanyşykly, akyl-paýhasa baý adamlar bolupdyrlar. Biz muňa nakyllara, atalar sözüne, galyberse-de, rowaýatlara göz aýlanymyzda-da has aýdyň bolýar.
Türkmeniň bir-birege sarpa goýýan halkdygyna goňşy bilen goňşokara gatnaşyklarynda hem göz ýetirýäris. Bu barada gadymdan galan nakyllar hem muňa sözsüz şaýat bolýar. Şu ýerde biz ata-babalarymyzdan miras galan nakyllaryň käbirini ýatlap geçsek ýerine düşer.
“Karz arasyna suw çykmandyr”, “Söýenişen ýol aşar”, “Bu gün mende bolsa, erte — sende”, “Kyýamat güni goňşudan” diýen ýaly gaty jaýdar aýdylan jümlelere durmuşda kän gabat gelýäris.
Adamlar şeýle sylanyşykly bolsa-da, “Süri agsaksyz bolmaz” diýlişi ýaly, ýek-tük ýaramaz gylykly adamlaram gabat geläýýär. Bu barada bize geçmişimizden miras galan rowaýatlaryň birinde şeýle diýilýär.
Ir döwürlerde bir obada ýaman gylykly, bahyl hem örän görip aýal ýaşapdyr. Günleriň birinde şol husyt aýalyň döwek döwrüne ýetmän uny gutarýar. Ýaňky aýal eline çanagyny alyp goňşusynyň ýanyna barypdyr-da: “Goňşy, meniň unum gutaraýdy. Unuň bar bolsa maňa bir çanak un bersene, gaýrat et!” diýen. Goňşusy ol aýala beledem bolsa, goňşy sylanyşygy üçin çanagyny dolduryp un beripdir. Dilege gelen ol aýal: “Goňşy, bugdaýymyz orlup, döwek döwlensoň unuňy getirip bererin” diýip gaýdypdyr.
Bugdaý orlup, döwek döwülýär. Husyt aýal degirmende un üwedip, karz alan ununy goňşusyna eltip berýär. Emma un alan çanagy bilen däl-de kiçi çanak bilen eltýär. Goňşusy bu ýagdaýy bilse-de bilmezlige salyp, çanagy boşadyp berýär. Ol goňşusynyň bolşuna haýran galýar. Onuň yzyndan seredip: “Uly çanagyň arkaňda bolsun, kiçi çanagyň garnyňda bolsun” diýip pyşyrdaýar. Goňşusynyň nägile sözleriniň gudratyndan ýaňky aýal pyşdyla öwrülýär.
Halk arasynda “Pyşdylyň çanaklarynyň ýokarky ulusy husyt aýalyň un alan çanagy, aşakysy bolsa, un eltip beren kiçi çanagymyşyn” diýen gürrüň hem bar.
Taýýarlan
Ogulbäbek AGAJANOWA.








