“Aýdylmadyk gürrüň ýok, eşidilmedik gep kän” diýleni-dä.
Arada ömrüni ýaş nesillere bilim we terbiýe bermäge bagyşlap, 90 ýaşasa-da akyl-huşy şetdat ýaly diýilýän hormatly ýaşuly mugallym, Mary etrabynyň Mülkburkaz geňeşliginiň ýaşaýjysy Hommat Amanowyň saglyk ýagdaýyny soraly hem-de asyra golaý ýaşly ýaşulynyň maňyzly gürrüňlerini diňläli diýip, ýola düşdük. Barsak, ýaşuly mugallym jaýynyň günorta tarapyndaky bagynyň kölegesinde gazet okap otyr ekeni. Saglyk-amanlyk soraşylandan soňra, biz durmuşyň dürli meseleleri baradaky gürrüňleriň daşyna geçdik. Şol gürrüňçiligiň barşynda Hommat mugallym bize durmuşyndan bir pursady gürrüň berdi.
— Meniň ýaňy mugallymçylyk kärinde işe başlan döwürlerimde her hojalygyň ýaşaýyş jaýynyň üstünde ygal geçmezlik üçin şifer ýokdy. Her gezekki ýagan gary adamlar jaýyň depesine çykyp, sübse bilen syryp aýrardylar. Bir gezekki garly günleriň birinde bir ýaşulynyň uly ogly ýuka geýnip, jaýyň ýokarsyna çykyp, jaýyň depesini gardan arassalamaga başlapdyr. Şonda durmuş şatysyny başyndan geçiren ýaşuly possunyny egnine atynyp daşaryk çykýar. Görse, ogly jaýyň ýokarsynda ýuka eşikli, özem kelleýalaňaç gar artyp ýör. Goja saklanyp bilmän, oglunyň adyny tutup:
— Oglum, gar artanyň-a ýagşy, ýöne kütüräk geýinmeli ekeniň. Sowukdan galan dert bertigini bejermek kyn bolýar — diýipdir. Ogly bolsa kakasynyň sözüni gutaryp-gutarmanka:
— Aý, kaka nädýäň-aý! Men indi çagaly-çugaly uly adam ahyryn. Etmeli zatlarymy özüm bilýärin. Her gezek bir iş etjek bolsam, alada edip görkezme berýärsiň — diýip, ýüzüni sallapdyr.
Ýaşuly sesini çykarman yzyna aýlanyp, çykan gapysyndan öýe girýär. Barşyna-da bir zada güýmenip oturan agtygynyň eşiklerini ýukaldyp, daşaryk alyp çykýar-da:
— Şu seniň ogluňmy? — diýip, jaýyň üstünde gar artyp ýören ogluna ýüzlenýär. Ogly:
— Kaka, beýtme ahyryn, ol üşär-ä. Daşary bolsa sowuk — diýipdir.
Onda kakasy:
— Gördüňmi, oglum! Sen öz ogluňy üşäýmesin diýip, alada etdiň. Näçe ýaşasaň-da senem meniň oglum ahyryn — diýip, agtygyny alyp öýüne girip gidipdir.
Amanmyrat ÝAMADOW.