Kim keselden gorkmaýan bolsa, kesel ondan gorkýandyr.
Dünýäde ýeke-täk gözellik saglykdyr.
Iýmek üçin ýaşamaly däl, ýaşamak üçin iýmeli.
Sagdyn beden sagdyn akylyň önümi.
Biziň bagtymyzyň ondan dokuz bölegi saglygymyza baglydyr.
Umyt bize mälim bolan lukmanlaryň iň gowusydyr.
Sagalmagyň ilkinji şerti sagalmaga bolan güýçli islegdir.
Eger ynsan öz saglygyna üns berýän bolsa, oňa öz saglygy üçin nämäniň peýdalydygyny özünden gowy biljek lukman tapylmaz.
Hereketi az edýän adam tiz-tizden hassa bolýar.
Hormatlanaýyn diýseň az geple, sagdyn bolaýyn diýseň az iý!
Tebigata eýerseň hemişe sagdyn bolarsyň.
Göwün awlanyňda ony ýaralamaly däl.
Toplan
Amanmyrat ÝAMADOW.








