Bagtly günüňde özüňe gereginden artyk ynamly bolma, kyn günüňde özüňe bolan ynamy ýitirme.
***
Başgalary ynandyrmaga başlamazdan öňürti öz-özüňi ynandyrmaly.
***
Şahyrlar oýaka düýş “görüp” bilýärler. Ol arzuwlarynyň yzyna düşmeýär-de, arzuwlar şahyryň buýran ýerine gidýärler.
***
Bir kämil adam eline toprak alsa, altyna öwrüler. Bir näkes adam eline altyn alsa, derde ýaramajak zada öwrüler.
***
Özgeleri peseldip, beýgeljek bolmak akmaklykdan nyşan.
***
Adama köp dost azlyk eder, bir duşman köplük eder.
***
Bagyşlamak we unutmak oňat adamlaryň alýan arlarydyr.
***
Özüňe öz göwnüň ýetmese, kimiň göwni ýetsin?!
***
Sen älem-jahanyň bir bölegisiň. Sensiz onuň bir zady kem bolar diýip pikir et!
Toplan
Aýparça AKYMOWA.








