Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz Türkmenistanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi dünýä jemgyýetçiliginde giň goldawa eýe bolýar. Parahatçylygyň, hoşniýetli gatnaşyklaryň mizemez taglymaty bolan hemişelik Bitaraplygymyz bu günki günde türkmen halkynyň milli buýsanjyna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk derejesine esaslanyp ýöredýän parasatly we öňdengörüjilikli daşary syýasaty ýylsaýyn rowaç alýar.
Garaşsyz döwletimiziň oňyn Bitaraplyk hukuk ýagdaýy, ilkinji nobatda, parahatçylygyň, asuda we rahat durmuşymyzyň ygtybarly kepilidir. Hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasa ýugrulan daşary syýasaty dünýäniň dürli döwletleri bilen deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmekde iňňän uly ähmiýete eýe bolýar. Goňşy döwletler bilen hoşniýetli, dost-doganlyk gatnaşyklary barha pugtalanýar. Garaşsyz Türkmenistanymyzyň halkara guramalary, öňi bilenem, Birleşen Milletler Guramasy bilen ysnyşykly hyzmatdaşlygy giňeldilýär. Milli buýsanjymyz bolan Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygynyň baýramçylyk güni golaý gelýär. Bu baýram halkymyz üçin naýbaşy baýramlaryň biridir. Çünki, bu baýram parahat durmuşda ýaşaýan türkmen halkynyň Bitaraplyk baýramydyr. Halkymyz bu baýramy uly şatlyk-şowhun bilen belleýär. Şanly senäni mynasyp zähmet sowgatly garşylamak bolsa, halkymyzyň asylly ýörelgesi. Şeýle parahat, asuda döwletde ýaşaýan bagtyýar halkymyz Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza müň keren sagbolsun aýdýar.
Gülälek ATAÝEWA.








