Ýakynda habarçymyz welaýat polisiýa müdirliginiň ÝHB-niň Sakarçäge etrap ÝHB-niň müdiri, içerki gullugyň podpolkownigi Begli GURBANOW bilen duşuşdy we pagta ýygymy möwsüminde ýangyn howpsuzlygynyň kadalary dogrusynda gürrüň bermegini haýyş etdi.
— Welaýatymyzda şu günlerde pagta ýygym möwsümi gyzgalaňly dowam edýär. Kärendeçileriň zähmeti bilen ýetişdirilen pagta hasylynyň ýekeje übtügine çenli ýangyndan gorap saklamak hemmämiz üçin derwaýys mesele bolup durýar. Şonuň üçin pagta hasyly ýygnalanda we daşalanda şu aşakdaky ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini ýerine ýetirmek hökmandyr:
- pagtany ýygmak we daşamak üçin ulanylýan kombaýnlaryň, ulaglaryň herekete getirijileriniň, elektrik enjamlarynyň hem-de ýangyç geçirijileriniň ulgamy abat bolmalydyr;
- pagta ýygýan kombaýnlaryň sürtülýän bölekleri öz wagtynda ýaglanylmalydyr, hereket edýän gurluşlary bolsa siňýän pagta tozanyndan we beýleki hapa zatlardan birsyhly arassalanyp durulmalydyr;
- bunkeri pagtadan doly kombaýny gijesine meýdanda galdyrmak gadagandyr;
- harmanlar kada hökmünde ýaplaryň, suw howdanlarynyň we beýleki suw çeşmeleriniň ýakynynda ýerleşdirilmelidir;
- pagta harmanlarynyň ýakynynda suw çeşmeleri ýok bolsa harmanyň çäginde azyndan 50 metr kub göwrümli suw howdanlary gurulmalydyr;
- pagtanyň tebigy usul bilen guradylýan ýerlerindäki harmanlaryň meýdançalary asfaltlanmalydyr ýa-da azyndan 6 santimetr galyňlykdaky toýun gatlagy bilen baslykdyrylmalydyr;
- pagta harmanlary ýaşaýyş we jemgyýetçilik jaýlaryndan, bejeriş ussahanalaryndan azyndan 150 metr daşlykda, ýokary we pes elektrik toguny berýän ulgamlardan bolsa sütüniniň beýikliginiň 1,5 essesinden uzaklykda ýerleşdirilmelidir;
- traktorlaryň, awtoulaglaryň, pagta ýygýan kombaýnlaryň duralgasyny olara bejergi etmegi, ýaglamagy we ýangyç guýmagy harmandan 100 metrden az bolmadyk daşlykda bellemäge we geçirmäge ýol berilýär;
- pagta ganarsyz daşalan mahaly onuň üsti ýörite mata bilen örtülmelidir;
- harmanlar, pagta ýygýan we daşaýan awtotraktor serişdeleri kada laýyklykda ilkinji ýangyn söndüriji serişdeleri bilen doly üpjün edilmelidir.
Hormatly pagtaçylar! Ýangyn howpsuzlygynyň kadalaryny hökmany ýagdaýda berjaý edeliň!
Gürrüňi ýazga geçiren
Baýram AMANOW.








