Adamzat özüniň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen ylmyň we tehnikanyň iň soňky gazananlaryny özüniň durmuşyna ornaşdyrýar. Şeýlelikde, özüne amatly şertleri döredip, ýaşaýşyny ýeňilleşdirýär. Bu aýdýanymyza näçe mysal getirsek getirip oturmaly. Şolaryň birem öýjükli el telefonydyr.
Aragatnaşygyň bu görnüşiniň eşret keminiň ýokdugyny nygtamakçy däl. Ol hemmämize äşgär hakykat. Sebäbi örän alyslardaky tanşyňa zerur habary ýetireniňden soň telefony öçürip, öz-özüňe: “Beh, şeýle ýagdaýda öňki adamlar näme etdilerkä?” diýen sowaly bereniňi duýman galýarsyň. Dogrusy, biz indi öýjükli el telefonsyz durmuşy göz öňüne getirmegem kyn görýäris.
Ýöne, meniň pikirimçe, taýagyň iki ujynyň bolşy ýaly, gürrüňi edilýän eşreti zerurlygyndan artyk ulanmagam peýdamyza däl bolaýmasa. Şäherlerde, obalarda ýa-da ulaglarda üns berip görseňiz köpleriň telefonly elleri gulaklaryndadyr. Aýratynam, zenan maşgalalaryň telefon arkaly gürrüňdeşligi juda uzaga çekýändir. Emma işläp duran telefonyňy uzak wagtlap gulagyňa tutup dursaň, saglygyňa peýda däldigi barada oýlanmaýarys. Ýöne bu barada oýlanylaýsa-da zyýan-a bolmazdy. Sebäbi şu setirleriň awtoryna öýjükli telefondan zerurlyksyz uzak wagtlap ulanmagyň ýaramaz täsiri barada bilermenleriň pikirini okamak miýesser edipdi. Şol täsirleriň birem öýjükli telefony ýygy-ýygydan uzak wagtlap ulanmagyň adamyň ýatkeşligine ýaramaz täsirini ýetirýänligidir. Öýjükli telefony ulanmagyň ynsan saglygyna ýene bir ýaramaz tarapynyň şaýady bolanymam ýatlaýyn. Tanyşlarymdan 40 — 45 ýaşlaryndaky ikisi möçberi kiçiräk el telefonynda oýunlary yzygiderli örän köp oýnadylar. Men olara şu netijesiz oýny oýnamagyň göze zyýan ýetirip, gymmatly wagtyňy bimany sarp etdirýändigini köp ýatlatdym. Diňlemediler, indi ikisem ýaşdyklaryna garamazdan 2-lik ölçegli äýnek dakynmaly boldular. Öýjükli telefony zerurlygyndan artyk peýdalanmagyň ýaramaz täsirine synçy bolsaň göz ýetirip bolýar. Öýjükli telefony çökder köp ulanýan adamlar şu günki gürrüň beren wakasyny şol durşuna ertirem gürrüň berip oturandyr.
Meniň pikirimçe, öýjükli telefonyň işdäki we durmuşdaky aladalarymyzy ýeňilleşdirýändiginiň ähmiýetini nygtap oturmagyň zerurlygy ýok bolsa gerek. Alyslardaky dogan-garyndaşyňy, tanyş-bilişleriňi gaşyňa gelip oturan ýaly etmäge mümkinçilikli öýjükli telefonyň amatlylygyny hiç kimiň inkär edip bilmejekdigi şübhesizdir. Emma, gürrüňi edilýän meseläniň çagalar bilen bagly tarapynam ünsden düşürmeli däldiris. Bu babatda biz özümize çagalara, juda bolmanda, ýokary synplara çenli çagalara öýjükli telefon hökmanmy diýen sowaly bermelidiris. Elbetde, çagasynyň nirededigini, ýagdaýyny bilmek ene-ata üçin ynjalykly ýagdaý. Bu örän gowy zat. Emma, gynansak-da, şu setirleriň awtoryna 10 — 12 ýaşly çagalaryň ellerine agram salýan uly möçberli öýjükli telefonlarynda dünýäni unudyp bir zatlara güýmenip oturanlaryna duş gelmek miýesser etdi. Ünsli bolsaňyz, bu ýagdaýa göz ýetirmek kyn däl. Eger-de, şol telefona güýmenip oturan çagalar telefonyň kömegi bilen ylym-bilimden, edep-terbiýeden paýlaryny alýan bolsalar örän gowy zat. Ýöne şahsy durmuşymda duş gelen ahwalat eli öýjükli telefonly çagalaryň ylym-bilim alýandyklaryna ýa-da edep-terbiýä ýykgyn edýändiklerine şübhe döretdi.
Toý aladasy bolup, öýe myhmançylyga gelen gyzym indi mekdebe gitmeli oglunam alyp geldi. Ejesiniň telefonyny alan agtygym toýuň goh-galmagalyny unudyp, kölegede bar ünsüni telefona berip otyr. Bildirmän baryp synladym welin, atyşykly oýun oýnap otyr. Entek beýnisi bekemedik çaganyň şolar ýaly oýunlaryň kömegi bilen terbiýelenmegi öňi alynmaly ýagdaýdyr. Biz şular ýaly ýagdaýda uly ähmiýet bermesegem bu meseläniň aňyrsynda örän uly jogapkärçiligimiz ýatyr. Men gyzyma bu ýagdaýa ýol bermezligini tabşyrdym. Emma gürrüňi edilýän meselede hemmämiziň çynlakaý we irginsiz yhlasymyz zerurdyr. Çünki, ertirimiziň mynasyp nesliniň terbiýesi şu günden başlanýar.
Ylmyň we tehnikanyň gazananlaryndan ähli babatda netijeli peýdalanmaly. Bu durmuşyň talaby. Ýöne olardan akylly-başly, ýerlikli we netijeli peýdalanmalydyrys. Bu bolsa hemmämizden we her birimizden yzygiderli, irginsiz aladany talap edýär.
Baýram AMANOW.








