Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde her ýylyň 12-nji iýunynda Ylymlar gününiň giňden bellenilmeginde çuňňur many bar. Çünki, ylym jemgyýetçilik ösüşiniň kuwwatly özgerdiji güýji hökmünde ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orny eýeleýär.
Häzirki wagtda Türkmenistan iri halkara guramalary we ylmy merkezleri bilen ylym hem-de ýokary tehnologiýalar babatda hyzmatdaşlyk edýär. Döwlet Baştutanymyzyň ylmy önümçilige ýakynlaşdyrmakda öňde goýan wezipeleri alymlaryň işleriniň netijelerinde öz beýanyny tapýar. Hormatly Prezidentimiz dünýäniň abraýly ylym we bilim merkezleri bilen giň gatnaşyklary ösdürmek meselelerini üns merkezinde saklaýar.
Ýurdumyzda ylmy-barlag institutlary, şeýle hem ýokary okuw mekdepleri tarapyndan amala aşyrylýan bäsleşik taslamalary ýaş alymlaryň bilim derejesini kämilleşdirmäge we ylmy dünýägaraýşyny ösdürmäge ýardam edýär. Şeýle tagallalaryň ählisi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik işleri netijesinde durmuşa geçirilýär. Munuň üçin hormatly Prezidentimize alkyşymyz egsilmezdir.
Goý, ylymlar dünýäsinde gulaçlap ýüzýän türkmen alymlarynyň, aýratynam, zehinli ýaşlaryň ýollary ak bolsun! Ylymlar günüňiz gutly bolsun, mähriban ildeşler!
Gunça ANNAMYRADOWA.








