Şu günler ekerançylyk meýdanlarynda işler gyzgalaňly alnyp barylýar. Galla oragynyň guramaçylykly dowam edýän häzirki döwründe jemgyýetçilik guramalary kärendeçileriň, kombaýnçylaryň armasyny ýetirmek maksady bilen olaryň arasynda bolup, söhbetdeşlik geçirýärler, tapawutlanyp zähmet çekýänlere ýadygärlik sowgatlaryny gowşurýarlar.
Golaýda TDP-niň Garagum etrap komitetiniň işgärleri etrabyň daýhan birleşiklerinde bolup kärendeçileriň armasyny ýetirdiler. Tapawutlanyp zähmet çekýän “Ak altyn” daýhan birleşiginden kärendeçi Batyr Orazgulyýew, kombaýnçylar Perman Çürrikow, Ýakup Yslamow, ýyglan dänäni daşaýan sürüjiler Batyr Meredow, Geldimyrat Annageldiýew ýadygärlik sowgatlaryna mynasyp boldular. Olar özleri hakynda atalyk aladasyny edýän hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.
Durdynabat BAÝRAMOWA.