Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe,hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň bilim we energetika ulgamlary täze belentliklere ýetýär. Halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek we ýokary hünärli ýaşlary kemala getirmek döwlet syýasatynyň ileri tutýan ugurlarynyň biridir. Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda “Garaşsyz,baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany”diýlip yglan edilen 2026-njy ýylyň fewral aýynyň 17-19-y aralygynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň (UNDP) amala aşyrýan “Energiýa taýdan netijeli we durnukly gurluşyk pudagy babatynda kadalaşdyryjy hukuk binýady kämilleşdirmek arkaly Türkmenistanyň milli mümkinçiliklerini giňeltmek” atly taslamanyň çäklerinde “Iň pes derejede energiýa sarp edijilik binalaryň gurluşygy boýunça halkara tejribesini öwrenmek” atly onlaýn okuw maslahaty geçirildi. Okuw maslahatynyň dowamynda institutyň professor-mugallymlary we ylymy işgärleri halkara bilermenler bilen “Ýewropa ýurtlarynyň ýaşaýyş jaý sektorynda energiýa netijeli tehnologiýalary ornaşdyrmak tejribe”, “Ýaşaýyş we jemgyýetçilik binalarynda energiýa netijeli tehnologiýalary ornaşdyrmagyň halkara tejribesi”,temalar boýunça özara pikir alyşdylar. Halkara bilermenleriň gatnaşmagynda guralan bu okuwlar,professor-mugallymlaryň we talyp ýaşlaryň öňdebaryjy tejribelerini özleşdirmäge hem-de ylym barlaglarynyň hilini ýokarlandyrmaga uly ýardam berer.Okuw seminaryna gatnaşyjylar döredilýän ähli mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýdýarlar.








