Garagum sährasy tebigat gözellikleri bolan ösümlik dünýäsine örän baýdyr. Şol ösümlikler gadymdan bäri türkmen halkynyň ýaşaýyş durmuşynyň ähli babatlary üçin zerur bolmak bilen odun, mal iými, dermanlyk, hojalygyň dürli hajatlary üçin hyzmat edipdir.
Garagum sährasynyň ösümlik dünýäsiniň esasy agajy bolan ojaryň gadymyýetden bäri halkymyzyň durmuşynda aýratyn ähmiýeti bardyr. Ojaryň Günden alýan ýylylygynyň toprakdan alýan zerur maddalary bilen sazlaşmagy netijesinde ýylylyk sygymynyň uly bolmagy, onuň uzak wagtlap ýanmagyna, közüniň bolsa uzak wagtlap saklanmagyna ýardam edýär.
Ojary ata-babalarymyz melhemlik ösümlik hökmünde peýdalanypdyrlar. Ojar tüssesiniň degna (nerw) ulgamyny rahatlandyrmakdaky ähmiýeti uludyr.
Malyň derisi eýlenende sazagyň küli ulanylýar. Arassalanylyp, ýüzi suwlanandan soňra, deriniň üstüne ojaryň külüni sepipdirler. Düzüminde aşgar bolansoň ojaryň küli deriniň eýini ýetirmekde, ýumşadyp, hojalyk hajatlary üçin ulanmakda ähmiýetli bolupdyr.
Ata-babalarymyz tebigatyň bu merdem ösümligine aýratyn bir tumar hökmünde hem garapdyr. Häzirki wagtda il içinde öz tebigy bolşundan üýtgeşik ösýän islendik ösümlige “Hydyr gören” ösümlik hökmünde garaýarlar. Obalarymyzda ýaşaýan islendik hojalykda yrym üçin ojar oduny hojalygyň bir ýerinde saklanýar. Türkmen halkymyzyň tebigy ösümliklere bolan aýratyn garaýşy häzirki döwürde-de dowam edip gelýär.
Metbugat materiallary esasynda taýýarlan
Amanmyrat ÝAMADOW.








