Adamlara aşa ynanmagyň ahmyra goýýan ýeri kändir.
Abraý, mertebe, namys öýden, maldan belentdir.
Adam eden ýagşylygyny ýatlamaz, zat hantama bolmaz.
Kä gandym kölegesinde oturany urýarmyş, zyňýarmyş.
Aýazda gandymyň aşagynda ýatsaň goraýarmyş. Yssydan hem goraýarmyş.
Gudrat görseň çöle bar.
Ýarag namysy goramagyň ýeke-täk serişdesi däldir. Akyl-paýhas, ýagşy niýet ýaragyň çözmejek düwünlerinem çözýändir.
Şer iş şeýtandandyr, haýyr — imandan.
Ganygyzgynlyk bilen betbagtlygyň arasy gyl ýaly inçe.
Ulumsy adam, gedem adam hormat-sylagy gorkynyň, ejizligiň alamaty saýýar.
Uçguna şöhle berilse-de, ömür berilmändir.
Esenmyrat BERDINAZAROW.








